Türk­men hal­ky­nyň mil­li buý­san­jy ha­sap­lan­ýan be­hiş­di be­dew­le­ri­mi­ziň toý­ly gün­le­ri­mi­ziň buş­luk­çy­sy bol­şy ýa­ly, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň «Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan – be­dew bat­ly at-my­ra­dyň me­ka­ny» ýy­ly hem hoş ha­bar­la­ryň buş­luk­çy­sy bo­lup, ta­ry­ha al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­ýar. Her bir hoş ha­bar şan­ly ýy­lyň ta­ry­hy wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­ýär. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry­nyň Nýu-Ýork şä­he­rin­dä­ki ştab-kwar­ti­ra­syn­dan ge­lip gow­şan hoş ha­bar hal­ky­myz­da çuň­ňur şat­lyk hem-de buý­sanç duý­gu­la­ry­ny dö­ret­di. BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň 106-njy ple­nar mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da hö­dür­le­nen «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­ga, ada­lat­ly­ly­ga, bi­rek-bi­re­ge yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýan hoş­ni­ýet­li dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky üs­tün­li­gi­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy uzak möh­let­li hä­si­ýe­te eýe­dir. Ol ýur­du­my­zyň oý­la­ny­şyk­ly saý­lap alan ýo­lu­dyr» di­ýip bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, döw­le­ti­miz ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len yna­ma, hyz­mat­daş­ly­ga hem-de dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, asu­da­ly­gy, dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len en­çe­me Ka­rar­na­ma­lar mu­nuň su­but­na­ma­la­ry­dyr. Bu hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de ata Wa­ta­ny­my­zyň howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da­ky ta­gal­la­la­ry, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan, halk­la­ry dost­laş­dyr­ýan, ýurt­la­ry pa­ra­hat­çy­ly­ga ça­gyr­ýan iş­le­ri hem dün­ýä­de giň gol­da­wa eýe bol­ýar. Mu­nuň aňyr­syn­da hal­ky­my­zyň asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň ýa­tan­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek.
As­lyn­da, mil­let­le­riň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­makda, halk­la­ryň aba­dan­çy­ly­gy hem ösü­şinde, hal­ka­ra hu­kuk işi­niň da­ba­ra­lan­ma­gyn­da «2028-nji ýyl – Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» at­ly Ka­rar­na­ma mö­hüm orun de­giş­li­dir. Şeý­le-de bu res­mi­na­ma hal­ka­ra hu­ku­ga hor­mat goý­ma­ga we oňa dü­şün­mä­ge ýar­dam ber­mek mak­sa­dy­ny hem öz içi­ne al­ýar. Ka­rar­na­ma pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji halk­la­ryň bäh­bi­di­ne hyz­mat et­mek bi­len, dün­ýä­de dur­nuk­ly ösüş­ mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam ber­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.
Ata Wa­ta­ny­my­zyň 2028-nji ýy­ly «Hal­ka­ra hu­kuk ýy­ly» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy­nyň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­sy bi­len ber­ki­dil­me­gi pa­ra­hat­çy­ly­gy ýö­rel­ge edin­ýän, dost­lu­gy da­ba­ra­lan­dyr­ýan, hyz­mat­daş­ly­gy ro­waç­lan­dyr­ýan eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de at-ab­ra­ýy­nyň, şan-şöh­ra­ty­nyň be­len­de gal­ýan­dy­gy­ny ýe­ne bir ge­zek aý­dyň gör­kez­di. Ol türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň halk­la­ryň bäh­bi­di­ne gö­nük­di­ri­len asyl­ly hem be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­ny üs­tün­lik­li do­wam et­dir­ýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp bar­ýan yn­san­per­wer da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň dün­ýä­de da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny hem su­but ed­ýär.
Goý, dün­ýä­de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Bi­ta­rap döw­let bo­lan ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si has-da artsyn, äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, tu­tuş adam­za­dyň bag­ty­ýar, asu­da dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek, ýurt­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi­ni ga­zan­mak ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän tu­tum­ly iş­ler ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Bag­ty­ýar türk­men hal­ky­ny ösü­şleriň röw­şen ýo­ly bilen ynam­ly öňe alyp bar­ýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li, dün­ýä äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç bol­sun!

Döwran GULLYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň administratiw hukuk ugrunyň magistri, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.