Dünýäni gözelleşdirjek bolsaň, ilki öz öýüňden başla.
Konfusiý.
Eger sen bir işi başararyn öýtseň hem dogry, başarmaryn öýtseň hem. Iki ýagdaýda-da seniň diýeniň bolar.
Şowsuzlyga uçramadyk adam – ömründe täze zada synanyşyp görmedik adamdyr.
Albert Eýnşteýn.
Diňe ýürek bilen seredeniňde, hemme zat aýdyň görünýär. Esasy zatlary göz bilen görüp bolmaz.
Antuan de Sent-Ekzýuperi.
Gözleglerimiň we öwrenen zatlarymyň netijesinde bilýän ýeke-täk zadym – özüm barada diňe bir zat bilýändigimdir, ol hem hiç bir zat bilmeýändigimdir.
Bilim gorkynyň we nadanlygyň ýeke-täk emidir. Diňe bilýän adam hakyky erkin ýaşaýan kişidir.
Sokrat.
Iň uly baýlyk az zada kanagat edip bilmekdir.
Diogen.
Tiz gitjek bolsaň – ýeke git, uzak gitjek bolsaň – ýoldaşly git.
Afrikan nakyly.
Garaňkylygy garaňkylyk kowup bilmez, diňe ýagtylyk kowup biler; ýigrenji ýigrenç ýeňip bilmez, diňe söýgi ýeňip biler.
Martin Lýuter King.
Islendik adam dostunyň başyna gelen kynçylyga gynanyp biler, emma dostunyň üstünligine guwanmak üçin päk ýürek gerekdir.
Oskar Waýld.
Özüň bolmak özboluşlylygyňy ýitirmezlik üçin dünýäniň seni başga birine öwürmek synanyşyklaryna garşy durmakdyr.
Ralf Uoldo Emerson.
Biziň durmuşdaky iň uly maksadymyz beýlekilere kömek etmekdir. Eger kömek edip bilmeýän bolsaňyzam, hiç bolmanda olara zyýan ýetirmäň.
Dalaý Lama.
Ýol tapyň, ýol tapyp bilmeseňiz, täze ýol açyň.
Gannibal.
Gedemlik adamda kämilleşmäge bolan ähli mümkinçiligi ýok edýär.
Lew Tolstoý.
Ulumsylyk we gedemlik gowşaklygyň hem-de akylsyzlygyň iň uly alamatydyr.
Mihail Lermontow.
PDF








