Bölek söwda bilen meşgullanýan «Amazon» kompaniýasynyň bazar nyrhynyň 3 trillion dollardan geçendigi mälim edildi. Hepdäniň başynda kompaniýanyň biržadaky paýnamasynyň bahasy 5,3% artdy. Şeýlelikde, kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy gündelik rekord derejede gymmatlap, umumy bahasyny 400 milliard dollar artdyrdy. Şeýlelikde, «Amazon» «Nvidia», «Alphabet», «Microsoft» we «Apple» brendlerinden soňra şeýle sepgide ýeten kompaniýalaryň hataryna goşuldy.
«Amazon»-yň bazar nyrhy 2024-nji ýylyň
26-njy iýunynda 2 trillion dollarlyk sepgide ýetipdi.
Bilermenler kompaniýanyň paýnamalarynyň ýylyň dowamynda 14% ösjekdigini belleýärler.
Sonajemal Annaýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF








