Tebigy täsinlik

Te­bi­ga­tyň tä­sin gö­zel­lik­le­ri­niň bi­ri bo­lan Spoet­ted kö­li to­mus aý­la­ryn­da su­wu­nyň bu­ga­ryp azal­ma­gy bi­len öz­bo­luş­ly gör­nü­şe eýe bol­ýar. Her ýyl mil­li­on­lar­ça sy­ýa­hat­çy­ny özü­ne çek­ýän bu köl to­mus pas­ly­nyň gel­me­gi bi­len te­bi­gat­da­ky wi­zu­al to­ma­şa­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­ýär.
Gyş­da we ýaz­da ada­ty suw how­da­ny hök­mün­de gö­rün­ýän bu ýer ho­wa­nyň tem­pe­ra­tu­ra­sy ýo­kar­la­nan­da, ýag­ny ho­wa gy­zyp ug­ran­da 365 sa­ny te­ge­lek we ki­çi­jik kö­le bö­lün­ýär. Ka­na­da­nyň Bri­ta­ni­ýa Ko­lum­bi­ýa­syn­da ýer­leş­ýän me­ne­ge meň­zeş köl­ler ýo­ka­ry mi­ne­ral dü­zü­mi se­bäp­li dür­li reňk­de öw­şün at­ýar. Köp­çü­li­giň ara­syn­da «Teg­mil­li köl, te­ge­lek köl» ady bi­len ta­nal­ýan bu köl­le­riň dü­zü­min­de mag­niý sul­fa­ty, nat­riý sul­fa­ty, kü­müş we ti­tan ýa­ly mi­ne­ral­lar sak­lan­ýar. Gün şöh­le­si­niň dü­şüş de­re­je­si­ne gö­rä, ýa­şyl, gök, sa­ry we ak reňk­de öw­şün at­ýan te­ge­lek köl­ler oka­na­gan hal­ky üçin mu­kad­des ýer ha­sap­lanypdyr. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, bu taý­pa­nyň ag­za­la­ry kö­lüň su­wu­ny be­jer­gi hök­mün­de, ýagny ýa­ra­ny, bo­gun we myş­sa agy­ry­la­ryny be­jer­mek­de ula­nyp­dyr­lar. Hä­zir­ki wagt­da hem ýer­li ilat bu des­su­ry do­wam et­dir­ýär­.
2001-nji ýyl­da Spoet­ted kö­li we daş-töw­ere­gi Ka­na­da­nyň Hö­kü­me­ti ta­ra­pyn­dan go­ral­ýan ýer hök­mün­de yg­lan edil­di. Se­bi­tiň eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny we ýer­li hal­kyň me­de­ni mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak mak­sa­dy bi­len, kö­lüň içi­ne gir­mek we tö­we­re­gin­de gezmek ga­dagan edil­di. Myh­man­lar 22 gek­tar meý­da­ny tut­ýan bu tä­sin gö­zel­li­gi di­ňe aw­tou­lag ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­leş­ýän meý­dan­ça­da syn­lap ýa-da su­ra­ta dü­şü­rip bil­ýär­ler.