Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 2027-nji ýylda geçjek döwlet Baştutanynyň saýlawlaryna gatnaşmakçy. Ol bu barada žurnalist Ali Toktakunow bilen söhbetdeşlikde habar berdi diýip, ýurduň “24.kg” neşiri habar berdi. Neşir Žaparowyň: “Men ýene bir möhlet üçin dalaş etmekçi we işimi dowam etdirmekçi” diýen sözlerini getirýär.
Gyrgyz lideri saýlawlara ähli isleg bildirenleriň gatnaşyp biljekdigini, hiç kimiň çäklendirilmejekdigini belledi.
Sadyr Žaparow 2021-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndan bäri Gyrgyzystanyň Prezidentidir. Respublikanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, döwlet Baştutany wezipesine iki gezek dalaş edip bolýar. Geljekki Prezident saýlawlary geljek ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriler.
PDF








