Her ýy­lyň 13-nji aw­gus­tyn­da Bü­tin­dün­ýä çep­be­keý­ler gü­ni bel­le­ni­lip ge­çil­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, dün­ýä ila­ty­nyň, tak­my­nan, 7-12 gö­te­ri­mi çep­be­keý bo­lup, ze­nan­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de er­kek­le­riň ara­syn­da çep­be­keý­ler has köp ga­bat gel­ýär. 1976-njy ýyl­dan bä­ri bel­le­ni­lip ge­lin­ýän bu se­ne my­na­sy­bet­li köp ýurt­da çep­be­keý­le­riň ara­syn­da di­zaýn iş­le­ri, su­rat çek­mek, gaý­çy bi­len dür­li şe­kil­le­ri ke­sip ýa­sa­mak, konserw gu­tu­sy­ny aç­mak, saz gu­ral­la­ry­ny çal­mak ýa­ly dür­li bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­ýär.
Çep­be­keý adam­lar gün­de­lik dur­muş­da, esa­san, çep eli­ni ulan­ýar­lar. Bü­tin­dün­ýä çep­be­keý­ler gü­nü­niň bel­le­ni­lip ge­çil­me­gi­niň esa­sy mak­sa­dy sag­la­kaý­lar üçin dö­re­di­len önüm­le­ri çep­be­keý­ler ula­nan­da ýü­ze çyk­ýan päs­gel­çi­lik­ler­den baş alyp çyk­ma­gy öw­ret­mek­den yba­rat­dyr. My­sal üçin, çep­be­keý­ler na­har iý­len­de ýa-da sport ýa­ryş­la­ryn­da dür­li kyn­çy­lyk­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýar­lar. 1990-njy ýyl­da çep­be­keý adam­la­ryň, esa­san hem, mek­dep­de oka­ýan çep­be­keý ça­ga­la­ryň ha­ýyş­la­ry­na we ýüz­tut­ma­la­ry­na jo­gap ber­mek üçin Çep­be­keý­ler klu­by dö­re­dil­ýär. Tö­leg­siz mas­la­hat we mag­lu­mat ber­ýän bu klu­byň hä­zir­ki wagt­da 140 müň­den gow­rak ag­za­sy bar.
«Çep­be­ke­ýiň çe­mi bol­maz, eden işi­niň ke­mi bol­maz» diý­li­şi ýa­ly, çep­be­keý­ler öz işi­niň us­sa­dy ha­sap­lan­ýar­lar. Olar bir işi how­luk­maz­dan, kä­mil de­re­je­de ýe­ri­ne ýe­tir­ýär­ler. Bi­ler­men­le­riň bel­le­me­gi­ne gö­rä, çep­be­keý­ler dö­re­di­ji­lik, sun­gat, ar­hi­tek­tu­ra, di­zaýn we sport ýa­ly ugur­la­ra ber­len adam­lar bo­lup, zäh­me­ti köp ta­lap ed­ýän in­çe iş­le­re güý­men­me­gi go­wy gör­ýär­ler. Dün­ýä­de iň meş­hur çep­be­keý adam­la­ryň ha­ta­ryn­da Leo­nar­do da Win­çi, Çar­li Çap­lin, Al­bert Eýnş­teýn, Isaak Nýu­ton, Pe­le, Pol Mak­kart­ni, Bill Geýts ýa­ly şah­sy­ýet­ler bar.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de «çep el­li zo­lak­lar» dö­re­di­lip, kä­bir za­wod-fab­rik­de, ofis­de, res­to­ran­da di­ňe çep­be­keý­ler üçin ni­ýet­le­nen önüm­ler­dir en­jam­lar ula­nyl­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da çep­be­keý­le­re ni­ýet­le­nen en­jam­la­ryň, gu­ral­la­ryň, peç el­lik­le­ri­niň we golf en­jam­la­ry­nyň söw­da­sy bar­ha art­ýar.
Hünärmenler çep­be­keý bol­ma­gyň ge­ne­ti­ka, ça­ga­nyň ene gar­nyn­da­ky ösü­şi we beý­ni­niň gur­lu­şy bi­len bag­ly ýag­daý­dy­gy­ny belleýärler. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da kä­bir ada­myň «iki el­li» bol­ýan­dy­gy, ýag­ny hem sag, hem-de çep eli­ni ge­zek­leş­di­rip ula­nyp bil­ýän­di­gi ýü­ze çy­ka­ryl­dy.