«Google»-da iň köp duş gelýän duýduryşlaryň biri bolan 404 ýalňyşlygynyň näme many aňladýandygy we nireden gelip çykandygy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. Eýsem, her gün millionlarça adamyň ekranlarynda ýüze çykan meseläni görkezýän 404 kody nädip peýda boldy?!
Internetiň döredilen ilkinji günlerinde köpçüligiň arasynda şeýle gürrüň ýaýrady. Gürrüňe görä, Bütindünýä torunyň döredilen ýeri bolan Şweýsariýadaky CERN laboratoriýasynda 404 belgili syrly otag bardy. Inženerler gözleg maglumatlaryna jogap berilmedik mahaly internetiň ýüregi hasaplanýan bu otagdaky serwerlere «404-nji otag: Faýl tapylmady» diýen awtomatlaşdyrylan habary iberýärdiler.
Internetiň syrlarynyň biri hökmünde ýyllarboýy gürrüňi edilen 404-nji otag baradaky maglumatlar we düşünjeler aslynda ýok zat. Internetiň arhitektorlarynyň biri bolan belgiýaly inžener Robert Kaýo häzirki zaman beýanaty bilen bu gürrüňe soňky nokady goýdy. Kaýonyň sözlerine görä, CERN-iň desgalarynda hiç haçan 404 belgili otag we serwer bolmandyr. Şeýle hem şol wagtky laboratoriýadaky belgileme ulgamy 400-e ýetmändir.
Şweýsariýadaky syrly ofis rowaýaty bilen baglanyşdyrylýan bu san, aslynda inženerçilik logikasyna esaslanýar. 1990-njy ýyllaryň başynda internet resminamalary işlenilip düzülende, ulgamyň ýagdaýyny toparlara paýlamak üçin (klassifikasiýa)
3 belgili sanlar saýlanyp alyndy. Bu ulgamlaýyn gurluşa görä, 4-lik belgi bilen başlaýan kodlar gönüden-göni ulanyjyda ýüze çykan meseläni görkezýärdi. Berk düzgünleşdirilen bu matematik ulgamda 400 «Zyýanly talap», 401 «Rugsat berilmedik, tassyklanmadyk», 402 «Nädogry töleg», 403 «Gadagan edilen» diýmegi aňladýar. 404 ýalňyşlygy bolsa «Tapylmady» manysyna eýe bolup, internetde gözlenýän faýl (surat ýa-da sahypa) bütindünýä torunda öň goýlup, öçürilen ýa-da başga ýere göçürilen halatynda, salgy ýalňyş ýazylanda, baglanyşyk bolmadyk halatynda ekranda peýda bolýar.
PDF








