Rimiň köçelerinde 152 ýyldan bäri köpçüligi içimlik suwy bilen üpjün edýän nasoni gidrantlaryň uzak ýyllaryň dowamynda suwunyň kesilmän akyp durmagy bilen köpçüligi haýran galdyrýar. Italiýanyň paýtagtyna gezelenje barýan syýahatçylar şäheriň köçelerinden ýöräp barýarka, çoýun turbadan akyp duran suwdan içip bilýärler. Kolizeý ýadygärliginiň we Trewi suw çüwdürimler toplumynyň ýerleşýän ýeri bolan Rim şäheriniň ähli köçesinde gabat gelýän nasoniler XIX asyrda şäher ilatyny mugt suw bilen üpjün etmek üçin işlenip düzülipdir.
Taryhy
Şäher gurluşygy diýlende, ilkinji ýadyňa düşýän ýerleriň biri bolan Rimde 1874-nji ýylda ilaty arassa agyz suwy bilen mugt üpjün etmek üçin taslama işlenip düzülýär. Şäher häkiminiň we geňeş agzalarynyň kararyna laýyklykda, şol ýyl Rimiň şäher merkezinde we köçelerinde ilaty agyz suwy bilen üpjün etjek ulgamyň gurluşygyna başlanýar. Şäherde gidrantlaryň gurulmagynyň esasy maksady jemgyýetiň sagdynlygyny we arassaçylygyny üpjün etmekden hem-de şäheriň suw paýlaýyş ulgamyna düşýän ýüki ýeňilleşdirmekden ybarat bolupdyr. Suw gidrantlary üçin beýikligi 120 santimetr, agramy 100 kilogram bolan çoýun sütünler taýýarlanylýar. Agyr sütünleriň üç ýerinden suw akýan krant oturdylýar. Wagtyň geçmegi bilen suw akýan enjamdaky «üç kelleli aždarha» meňzeş turbalar aýrylyp, ornuna ýekeje egri turba oturdylýar. Daşyndan seredeniňde adamyň burnuna meňzeýän egri turbaly suw enjamyna italýan dilinde «uly burun» diýmegi aňladýan «nasoni» ady berilýär.
Rim şäherinde, takmynan, 2800 – 3000 aralygynda nasoni bar. Bu çoýun turbalaryň 200-si taryhy meýdançalarda we köne şäher sebitinde ýerleşýär. Häzirki wagtda «uly burunlaryň» ýerini mobil programmalar arkaly hem tapyp bolýar. Bu bolsa, şäher ýaşaýjylarynyň we syýahatçylaryň işini ýeňilleşdirýär. 152 ýyllyk taryhy bolan nasoni suw çüwdürimleri rimliler üçin uly gymmatlyk hasaplanýar. Sebäbi çoýun turbadan akýan suw Rimde ýaşaýan her bir adamyň içimlik suwuna bolan hukugynyň bardygyny görkezýär.
Nasonilerden gije-gündiz suw akyp durýar. Şäheriň umumy agyz suwunyň 1 göterimini emele getirýän bu suwuň artykmajy lagyma goşulýar we gaýtadan işlenilýär. Nasoniden akýan suw bilen öýlere berilýän içimlik suwuň çeşmesi bir bolup, köçeden suw içmek adam saglygyna zyýan ýetirmeýär. Burna meňzeş turbadan akyp duran suw yzygiderli hil gözegçiliginden geçirilýär.
PDF








