Her hepdede şol bir günleri başdan geçirýäris. Hepde hasabyna duşenbe güni başlaýarys, ýekşenbe güni tamamlaýarys. Eýsem, 7 günlük wagt hasaby nireden emele geldikä?! Näme üçin bir hepde 7 günden ybaratka?!
Wagt hasaby asman jisimleriniň hereketine esaslanýar. Bir gün (24 sagat) Ýeriň öz okunyň daşyndan doly aýlanmagy bilen emele gelýär. Bir ýyl (365 gün 6 sagat) Ýeriň Günüň daşyndan bir gezek aýlanmagydyr. Bu goşmaça sagat sebäpli her dört ýyldan bir gezek fewral aýyna bir gün goşulýar. Bu «kabisa ýyly» (artyk ýyl) diýlip atlandyrylýar.
Şeýle-de bolsa, hepde we aý düşünjeleri gün hem-de ýyl hasaby ýaly aýdyň däl. Aýyň fazalary Gün ýyly bilen doly gabat gelmeýär. Aýyň Ýeriň daşyndan aýlanyşy, takmynan, 27 gün 7 sagat dowam edýär. Bu bolsa Gün hasabynda 13 aýyň bolýandygyny aňladýar.
Gadymy wawilonlylar asman jisimlerini we planetalaryň hereketlerini öwrenen ilkinji halk bolup, 7 günlük hepde hasabyny ýola goýýarlar. Olar 7-lik belgä uly hormat goýupdyrlar. Gadymy Wawilonda 7-lik belgi şowlulygyň, 7 gat asmanyň, 7 bölek ýer böleginiň nyşany hasaplanypdyr. Wawilonlylar göz bilen saýgaryp bolýan 7 sany asman jisiminiň (Gün, Aý, Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter we Saturn) bardygyna ynanypdyrlar. Olar aý senenamasyny şu düşünjä görä düzüp, bir aýy 7 günden ybarat 4 bölege bölüpdirler. Şol döwürlerde beýleki siwilizasiýalarda hepde günleri başga sanlar bilen aňladylypdyr. Mysal üçin, müsürlileriň 1 hepdesinde 10 gün, rimlileriň 1 hepdesinde 8 gün bolupdyr.
Gadymy wawilon medeniýetiniň köp ýurtlara täsir etmegi bilen, biziň eýýamymyzdan öňki VII-VI asyrlarda 60 minutlyk sagat hasaby we 7 günlük hepde düşünjesi kabul edilip başlanýar. 7-lik hepde hasaplamasyna ilki bilen parslar we grekler geçýär. Asyrlar geçenden soň Aleksandr Makedonskiniň grek medeniýetini köp ýurtlara ýaýradyp başlamagy bilen, Hindistan, Ýakyn Gündogar we Aziýa sebitleri hem 7 günlük hepde hasabyny kabul edýärler.
Gadymy wawilonlylaryň ýerli ynançlaryna görä, oýlap tapan 7 günlük hepde hasaby häzirki wagtda hem bütin dünýäde ulanylyp gelinýär.
PDF








