Skandinawiýa we Sibir ýaly sowuk sebitlerde ösýän otjumak ösümlikleriň biri bolan moroşka ýantara meňzeş sarymtyl-narynç miwesi bilen tapawutlanýar. Rubuslar maşgalasyna degişli bu miwe ylmy dilde «Rubus chamaemorus» diýlip atlandyrylýar. Bişmedik wagty gyzyl, dolulygyna ýetişende bolsa lowurdap duran sary reňke öwrülýän moroşka miwesine başgaça «batga ýantary» hem diýilýär. Ýabany Arktika miwesi Norwegiýadan Alýaska çenli aralykdaky tundrada we batgalyklarda ösýär.
Boýy 10-25 santimetr uzynlykdaky moroşka köpýyllyk ösümlik bolup, bäş ýaprakly ak gülleri we malina meňzeş miwesi bar. 10 metre çenli uzaýan kökleri bilen tapawutlanýan bu ösümlik baldagynyň ujunda miwe getirýär. Uzakdan açylyp oturan güle meňzeýän moroşka agajyny ekerançylyk ýerlerinde ösdürip bolmaýar. Şol sebäpli adamlar bu ösümligiň miwesini ýygnamak üçin sowuk tundra tokaýlaryna we batgalyklara gitmeli bolýarlar.
Daşyndan malina ýa-da ýertudana çalym edýän bu miwe awgust aýynda ýetişýär. Demirgazyk sebitde güýz we gyş aýlarynda iň köp iýilýän miweleriň biri bolan sarymtyl ýertudana doňdurylan, jem (üwelip gaýnadylan) we konserwirlenen görnüşde eksport edilýär. Moroşka bişmedik wagty turşy, bişende bolsa erik ýaly süýji tagamly bolýar. Finlýandiýada moroşkadan mürepbe taýýarlanyp, peýnirli çörek bilen iýilýär. Şwesiýada bolsa bu miwe wafli, byzmyk we doňdurma taýýarlamakda ulanylýar. Amerikalylar üçin elýetmez iýmit hasaplanýan moroşkadan marmelad hem taýýarlanýar. Mundan başga-da, desertlere we işdäaçarlara goşulýar. Miwäniň ýapragyny atym çaý ornuna demläp içip bolýar.
Sarymtyl malinanyň düzüminde C witamininiň uly mukdary saklanýar. Şol sebäpli bu miwe howanyň sowuk günleri iýilmeli iň esasy miweleriň biri hökmünde görkezilýär. Miwäniň düzüminde C witamininden başga, B, E witaminleri, karotinoidler, kaliý, magniý, sink we ýag kislotalary saklanýar.
PDF








