16-njy awgustda Amerikaly tanymal ýyldyz, “Gahrymanlar” we “Naşwill” ýaly meşhur seriallardaky keşpleri bilen dünýä belli bolan актриса Haýden Panettýer 36 ýaşynda aradan çykdy. Amerikanyň habar beriş serişdeleriniň we ýurduň resmi edaralarynyň maglumatlaryna görä, pajygaly ýagdaýyň anyk sebäpleri heniz resmi taýdan yglan edilmedi, emma gyssagly ýardam gulluklarynyň ýazgylarynda «çenden aşa köp serişde kabul etmek» ýagdaýy baradaky çaklamalar öňe sürülýär.
Kino sungatyndaky ýoluna heniz çagaka başlan we dünýä ýüzünde millionlarça tomaşaçynyň söýgüsini gazanan aktrisanyň ölüm habary onuň maşgala agzalary, kärdeşleri hem-de janköýerleri tarapyndan çuňňur gynanç bilen garşylandy. Atasy Skip Panettýer gyzynyň adamzada diňe bir gözellik we bagt peşgeş beren uly güýç bolandygyny belläp, bu agyr ýitginiň maşgala üçin uly gynançdygyny aýtdy. Häzirki wagtda degişli düzümler tarapyndan derňew işleri alnyp barylýar.
Häzirki zaman kinematografiýasynda özboluşly yz galdyran aktrisanyň ömri we döredijiligi kynçylyklara hem-de ruhdan düşmezlige garşy göreşlere beslendi. Ol ýakynda çap eden ýatlama kitaplarynda durmuşyň agyr synaglary, şol sanda doganynyň ýitgisi, ruhy dartgynlyklar we saglygyny dikeltmek ugrundaky uzak ýyllap dowam eden göreşleri barada açyk gürrüň beripdi. Aktrisanyň maşgala durmuşy, şol sanda meşhur türgen Wladimir Klichko bilen ozal bolan gatnaşygy hem-de halkara kino älemindäki abraýy köpçüligiň üns merkezinde galmagyny dowam etdirýär.
PDF








