Angliýanyň “Mançester Siti” topary Fransiýanyň “Lill” klubunyň marokkoly ýarymgoragçysy Aýýub Buaddini transfer etdi. Iňlis kluby 18 ýaşyndaky oýunçynyň transferi üçin fransuz toparyna 100 million ýewro tölär. “Mançester Siti” topary Buaddi bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Buaddi “Lill” toparynda 3 möwsüm oýnap, 96 duşuşykda meýdança çykdy. Ol Marokkonyň ýygyndysy bilen Dünýä Kubogyna hem gatnaşypdy. Buaddi angliýaly futbolçylar Elliot Anderson hem-de Jäk Grilişden soň “Mançester Sitiniň” taryhyndaky häzirlikçe iň gymmat 3-nji transfer hökmünde hasaba alyndy.