Afrikada, Günorta-Günbatar Aziýada we Hindistan ýarym adasynda ýaşaýan süýdemdirijileriň biri bolan bal torsugy tebigatyň iň batyr jandary hasaplanýar. Ylmy ady «Mellivora capensis» bolan bal torsugy Ginnesiň rekordlar kitabyna «Dünýäniň iň gorkmaýan jandary» hökmünde girizildi. Köplenç bal torsugy adaty torsuk bilen garyşdyrylýar. Bal torsugy torsuklar maşgalasynyň iň kiçi görnüşidir. Bal torsugynyň tüýi, esasan, gara reňkde bolup, maňlaýyndan guýrugyna çenli aralykda uzyn ak zolagy bolýar. Urşujy jandaryň göwresiniň uzynlygy 55-77 santimetr bolup, guýrugynyň uzynlygy 12-30 santimetre çenli ýetýär. Agramy 9 kilograma ýetýän bu jandaryň dişi uzyn hem ýiti bolup, galyň derisi bar. Şol sebäpli bal torsugynyň derisine arynyň ýa-da ýylanyň çakmagy, ýolbarsyň dişlemegi o diýen täsir etmeýär. Bal torsugynyň uzyn bedenli we gysga aýakly bolmagy çalt hereket etmegine we çeýeligi saklamagyna ýardam edýär. Bal torsugy ýyrtyjynyň agzyna düşse, bükülip, derisini gowşadyp ýa-da öwrülip, çaltlyk bilen sypmagy başarýar. Hatda bu jandar ýylanyň zäherine hem çydamly bolup, diri galyp bilýär.
Bal torsuklary hem edil alajagözen ýaly çägini bellemek, arylary kowmak we howpdan goranmak üçin ýakymsyz ys bölüp çykarýarlar. Alabeder jandarlar ökde ýer gazyjylar bolup, ýerasty hinlerde ýaşaýarlar. Bal torsugy uzyn we gaty dyrnaklary bilen hatda daşly depeleri ýa-da agaçly meýdany hem gazyp bilýär. Bal torsugy aşa çydamly bolup, howply ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolanda, mysal üçin, öňünden ýylan, pil, ýolbars, syrtlan… çykanda yza çekilmeýär. Gaýtam üstüne topulyp, tüýt-müýt edýär.
Gyzyl kitabyň sanawyna girizilen bu jandar bal iýmegi halaýar. Agaçlaryň köwegindäki ýa-da gyrymsy agaçlaryň şahalarynyň arasyndaky arylaryň ýygnan balyny iýmek üçin alabeder jandar dürli kynçylyklara döz gelýär. Hatda bu jandar bal iýýärkä birnäçe arynyň çakmagyna-da çydap bilýär. Bal torsugy baldan başga mör-möjekler, ownuk süýrenijiler we süýdemdirijiler, şeýle hem miwe bilen iýmitlenýär. Bal torsugy uzak wagtlap suwsuz oňup bilýär.
PDF








