Angliýanyň Liga Kubogynda (EFL Cup) 3-nji tapgyrda taryhy netije hasaba alyndy. Öz meýdançasynda “Lids Ýunaýtedi” kabul eden “Çelsi” topary garşydaşynyň 2-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 6-3 hasabynda üstün çykmagy başardy. Oýunda “Lids Ýunaýted” topary Muharemowiçiň (23) hem-de Aaronsonyň (48) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymyň başynda “Çelsi” Palmeriň gollary bilen hasaby deňledi (53 p, 55). Soňra Neto 60-njy, Welbek 65-nji minutlarda “Çelsiniň” 4-2 hasabynda öňe geçiren gollary geçirdi. 75-nji minutda Kalwert-Lýuwin aratapawudy azaltsa-da, Barko 80-nji minutda 5-nji, tejribeli Welbek 90+4-nji minutda 6-njy goly geçirip, oýna soňky nokady goýdy. 6-3 hasabynda ýeňiş gazanan “Çelsi” topary 4-nji tapgyra, ýagny 1/8 finala çykmagy başardy.

“Bornmut”, “Kristal Palas”, “Bredford Siti”, “Sanderland”, “Nýukasl” toparlary 1/8 finala çykan beýleki toparlar bolupdy.

1/16 finalyň çäginde 10 duşuşyk geljek hepdäniň sişenbe, çarşenbe günleri geçiriler. Şolaryň arasynda “Ipswiç Tawn” – “Arsenal”, “Liwerpul” – “Tottenham”, “Mançester Ýunaýted” – “Braýton”, “Mançester Siti” – “Norwiç” ýaly duşuşyklar bar.