«World Population Review» guramasy 2026-njy ýylyň maglumatlaryna esaslanyp, dünýäniň iň çalt ösýän şäherleriniň sanawyny taýýarlady. Sanawda Aziýanyň we Afrikanyň şäherleri öňdeligi eýeleýär. 41,9 million ilaty bolan Indoneziýanyň Jakarta şäheri sanawyň birinji ornuny eýeleýär. Ilat sanynyň ösüş depgini hasaba alnanda, bolsa, Hindistanyň paýtagty Deliniň golaýyndaky Gaziabat şäheri 5,2 göterim ösüş bilen birinji boldy. Ýyllyk ösüşi 4,99 göterim bolan Hindistanyň Gujarat welaýatynyň Surat şäheri ikinji, 4,74 göterim ösüş depgini bilen Owganystanyň paýtagty Kabul üçünji, 4,44 göterim ösüş bilen Nigeriýanyň Lagos şäheri dördünji ýeri eýeledi.
Ýyllyk ösüş depgini hasaba alnyp taýýarlanan sanawda Meksikanyň Toluka şäheri (4,25%) ilkinji onluga giren Aziýa we Afrikanyň daşyndaky ýeke-täk şäher boldy. Lubumbaşi (Kongo Demokratik Respublikasy, 4,1%) hem-de Kampala (Uganda) (4,03%) 6-njy we 7-nji ýerleri eýeläpdir. Luanda (Angola), Dar-es-Salam (Tanzaniýa), Nairobi (Keniýa), Bamako (Mali), Patna, Rajkot, Faridabad (Hindistan) we Maputo (Mozambik)
4 göterim ösüş bilen 8-nji orny eýeläpdir.
Bäş ýyllyk ösüş hasaba alnanda, ilkinji orny Hindistanyň Kerala ştatyndaky Malappuram şäheri (44%) aldy. Wýetnamyň Kantho we Hytaýyň Susian şäherleriniň ilaty bolsa, soňky 5 ýylda 37% artypdyr.
Soňky 10 ýylda iri şäherleriň sany ep-esli üýtgedi. Ilaty 42 milliona golaýlan Jakarta 33,4 million ilaty bolan Tokiodan öňe geçdi. Ikinji orny 36,6 million ýaşaýjysy bilen Dakka (Bangladeş) eýeledi. Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatyna görä Dakka 2050-nji ýyla çenli dünýäniň iň köp ilatly şäheri bolar.
Dünýä Hanjaýewa,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
PDF








