Türkiýäniň çempionaty “Süper Ligde” soňky 4 ýylyň çempiony “Galatasaraý” 10-njy tapgyryň açylyş oýnunda myhmançylykda “Konýaspor” bilen duşuşdy.
Turuwbaşdan erjel oýun görkezen “Galatasaraý” garşydaşyny 4-0 hasabynda ýeňdi. Oýunda stambullylara ýeňiş getiren gollary 1-nji ýarymda Wiktor Osimhen (12) bilen Ýunus Akgün (28), 2-nji ýarymda bolsa çempionatda ilkinji gezek tapawutlanan Alekseý Batrakow (49) bilen Rafael Leao (55 p) geçirdi.

Bu duşuşykda 1 asist hem eden russiýaly ýaş ýyldyz oýunçy Batrakow Çempionlar Ligasynda-da 2 oýunda tapawutlanyp, ol umumylykda soňky 5 duşuşykda 3 goly öz adyna ýazdyrdy. “Milandan” transfer edilen Rafael Leao bolsa JimBomuň düzüminde ilkinji goluny geçirmegi başardy.
“Galatasaraý” 10-njy tapgyrdan soň utugyny 25-e ýetirip, liderligini dowam etdirýär.
PDF







