Ýur­du­myz­da türk­men hal­ky­nyň me­de­ni mi­ra­sy­ny ýaý­rat­ma­ga, ha­ky­ka­ty çe­per keşp­ler­de be­ýan ed­ýän mil­li, me­de­ni, ah­lak, ta­ry­hy we ede­bi gym­mat­lyk­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne, çe­per halk dö­re­di­ji­li­gi­ni hem-de sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant go­şan us­sat­la­ryň bi­ri hem Dur­dy Gy­lyç­dyr. Ol 1886-njy ýy­lyň 15-nji oktýab­ryn­da Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gö­rog­ly et­ra­by­nyň Ho­ja­küm­met oba­syn­da do­gul­ýar. Oba ara­syn­da Dur­dy Gy­ly­jyň ka­ka­sy­na Ab­dy­rah­man Gy­lyç uzyn og­ly diý­lip­dir. Ol öz döw­rün­de päl­wan­çy­lyk, şa­hyr­çy­lyk edip­dir. Onuň aýa­ly Eneş­den üç sa­ny per­zen­di (Ata Gy­lyç, Dur­dy Gy­lyç, Gök­je Gy­lyç) bo­lup­dyr. Ab­dy­rah­man Gy­lyç et­ra­byň Be­dir­kent, Ker­piç­li, Ho­ja­küm­met oba­la­ryn­da ýa­şap ge­çip­dir. Ol Di­reg­li, Po­lo­sol­tan, Han­ga­la, Ak­sa­raý, Buz­gö­men, Te­meç, Yz­myk­şir, Iş­mal­ta­pan, De­rek­li­ýap, Öw­lü­ýa­bo­ýy, Ga­ra­ýyk, Daý­han­ýap, Ha­tar­tam, Ga­ra­gu­lak, Bo­ýun­baş, Kyrk­gyz, We­kil­ga­la, Ýa­ňy­ýap ýa­ly oba­la­ryň dö­re­di­ji­lik we­kil­le­ri bi­len gat­na­şyk­da bo­lup­dyr.
Şa­hyr üç ýa­şyn­da ma­ma ke­se­li­ne uç­rap, gö­zün­den mah­rum bol­ýar. Şa­hyr ça­ga­lyk­da uçur­syz ýat­keş­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Al­ty ýa­şyn­da ata-ene­den mah­rum bo­lup, dur­mu­şyň agyr hup­bat­la­ry­ny ba­şyn­dan ge­çi­ren Dur­dy Gy­lyç 1905–1915-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da özü­ni me­de­ni­ýe­tiň tä­ze­lik­çi­si, halk er­te­ki­çi­si, des­san­la­ry aý­dy­jy ozan­ hök­mün­de ta­nad­ýar. Ol Mag­tym­gu­ly­nyň, Şeý­da­ýy­nyň, Baý­ly şa­hy­ryň, Seý­di­niň, Ze­li­li­niň, Mol­la­ne­pe­siň, Ke­mi­nä­niň dö­re­di­ji­li­gin­den köp­san­ly bent­le­ri, kys­sa­la­ry ýat tu­tup­dyr. Onuň ede­bi yk­ba­ly­na No­wa­ýy­nyň, Ny­za­my­nyň, Ga­ra­ja­og­la­nyň, Ne­si­mi­niň, Ýu­nus Em­rä­niň, Omar Haý­ýa­myň eser­le­ri güýç­li tä­sir edip­dir. Şol dö­wür­de ol 3 müň se­tir­den gow­rak goş­gy­ny, 4 sa­ny des­sa­ny ýat­dan bil­me­gi ba­şa­ryp­dyr.
1916–1918-nji ýyl­lar­da şa­hyr özü­ni mert­li­ge, wa­tan­çy­ly­ga, ag­zy­bir­li­ge gö­nük­di­ri­len saz­la­ry çal­ýan, aý­dym­la­ry aýd­ýan se­net­kär hök­mün­de ta­nad­ýar. He­mi­şe ak eşek­li, gyr­my­zy don­ly, ga­ra tel­pek­li, ak gaý­ma tah­ýa­ly ge­zen şa­hyr bu dö­wür­de et­ra­byň oba­la­ryn­da so­wat­syz­ly­gy ýok et­mek­de, tä­ze elip­bi­ýi wa­gyz et­mek­de, halk dö­re­di­ji­li­gi­ni muş­dak­la­ra aý­dyp ber­mek­de ha­ly­pa­lyk gö­rel­de­si­ni gör­kez­ýär. Ol Ga­jar bag­şy, Hal­ly bag­şy, Ata Sa­lyh, Ata Gow­şu­dow, Ga­ra­ja Bu­ru­now, Ýa­kup Na­syr­ly, Oraz Täç­na­za­row, Şa­ly Ke­ki­low, Mol­la­murt, Kör­mol­la, Ber­di Ker­ba­ba­ýew, Ça­ry Aşy­row, Aga­han Dur­dy­ýew, Şa­ja Ba­ty­row, Rah­met Se­ýi­dow, Aş­ga­bat–Mosk­wa at­ly ýö­ri­şi­niň gah­ry­man­la­ry Ne­pes Ga­ra­ha­now, Ba­ba­jan Şü­kü­row, Päl­wan bag­şy, Emin bag­şy, Çu­wal bag­şy, So­py Ama­now ýa­ly dö­wür­deş­le­ri bi­len ýa­kyn ara­gat­na­şyk­da bo­lup­dyr.
1919-njy ýyl­dan baş­lap hä­zir­ki «Türk­me­nis­tan» ga­ze­ti­niň il­kin­ji san­la­ry bo­lan «Se­da­ýe fu­ka­ra», «Daň ýyl­dy­zy», «Gy­zyl Ýyl­dyz» ne­şir­le­ri bi­len hyz­mat­daş­lyk et­me­gi Dur­dy Gy­ly­jyň yk­ba­lyn­da tä­ze dö­re­di­ji­lik göz­ýe­tim­le­ri­ni aç­ýar. Şa­hyr Ke­se­ar­kaç we Ma­ry se­bit­le­rin­de ýa­şap, «Çat­ma», «Eşek­li», «Jy­kyr», «Ga­ra göz­li ge­lin», «Pe­rim», «Beg­ler», «Wa­tan üçin» ýa­ly goş­gu­la­ry­ny we «Te­ke­na­ma» poe­ma­sy­ny dö­red­ýär. 1927–1949-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da dö­re­den «Emek­li», «Za­lym­lar», «Za­ma­naň gel­di», «Ylym oka­lyň», «Bi­ziň Türk­me­nis­tan­da», «Ýö­rüň», «Ibe­riň ur­şa», «Gur­ban Dur­dy», «Oka­ma­ly, ýol­daş­lar», «Ag­zy­bir­lik», «Göw­nüm», «Hal­kym», «Mosk­wa» ýa­ly wa­gyz-ne­si­hat hä­si­ýet­li şy­gyr­la­ry ýa­zyp­dyr.
1927-nji ýyl­da Dur­dy Gy­lyç Türk­me­nis­tan So­wet­le­ri­niň ikin­ji gu­rul­ta­ýy­na de­le­gat bo­lup gat­naş­ýar. Onuň met­bu­gat­da çy­kan il­kin­ji şyg­ry «Sýezd­den» ady bi­len 1927-nji ýy­lyň 7-nji ap­re­lin­de «Türk­me­nis­tan» ga­ze­tin­de çap edil­ýär. Ol Türk­men at­ly pol­ku­nyň aý­dym-saz to­pa­ryn­da, ra­dio­da bag­şy­çy­lyk ed­ýär, 1939-njy ýyl­da Bü­tin­so­ýuz Oba ho­ja­lyk ser­gi­si­ne gat­naş­ýar.
1938-nji ýy­lyň 6-njy iýu­nyn­da il­kin­ji bo­lup Dur­dy Gy­lyç «Türk­me­nis­ta­nyň halk şa­hy­ry» di­ýen hor­mat­ly ada my­na­syp bol­ýar. Şeý­le hem ol «Hor­mat ny­şa­ny» or­de­ni bi­len iki ge­zek sy­lag­la­nan ra­ýat­la­ryň il­kin­ji­le­ri­niň bi­ri­dir. Şahyr 1950-nji ýy­lyň 14-nji de­kab­ryn­da ara­dan çyk­ýar we Ys­ma­my­ta­ta ta­ry­hy binagärlik top­lu­my­nyň go­la­ýyn­da jaý­lan­ýar.
Şa­hy­ryň ede­bi mi­ra­sy­ny H.Taň­ry­ber­di­ýew, Ö.Ab­dyl­la­ýew, K.Ju­ma­ýew, R.Re­je­bow, B.Şa­my­ra­dow, N.Aşy­row, J.Al­la­kow, K.Ber­ke­li­ýew ýa­ly alym­lar öw­ren­di­ler. Onuň çe­per keş­bi­ni B.Seý­tä­kow, G.Şa­my­ýew, G.Gur­ban­sä­he­dow, H.Me­lä­ýew, H.Ga­ra­ba­ýew, S.Örä­ýew ýa­ly ýa­zy­jy­lar öz eser­le­rin­de su­rat­lan­dyr­dy­lar.
Şa­hy­ryň sekiz per­zen­di bo­lup, onuň ne­sil da­rag­ty­ny do­wam et­dir­ýän ag­tyk-çow­luk­la­ry Gö­rog­ly et­ra­byn­da ýa­şa­ýar­lar. Şa­hy­ryň ady­ny ebe­di­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len or­ta mek­de­be, ge­ňeş­li­ge hem-da daý­han bir­le­şi­gi­ne ady da­kyl­dy. 1976-njy ýyl­da şol mek­de­biň baş gi­rel­ge­sin­de şa­hy­ryň heý­ke­li otur­dyl­dy we mu­ze­ýi açyl­dy.
Dün­ýä­niň gö­zel­li­gi­ni kö­ňül gö­zi bi­len gö­ren şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­ne şu ýyl 140 ýyl dol­ýar. Ýa­kyn­da şa­hy­ryň mu­ze­ýi­ne 1926-njy ýyl­da Dur­dy Gy­ly­jyň Et­rek et­ra­by­nyň Gid­rio­lum oba­sy­nyň ýa­şaý­jy­sy Han­jan At­ja­no­wa sow­gat be­ren, al­tyn­sow reňk­li ta­ry­hy san­dy­gy­nyň ge­lip go­wuş­ma­gy şa­hy­ryň ýu­bi­leý se­ne­si­niň öň­ýa­nyn­da oba ila­ty we mu­zeý gym­mat­lyk­la­ry üçin aja­ýyp sow­gat­la­ryň bi­ri bol­dy.

Dädebaý PÄLWANOW,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.