«The­med En­ter­ta­in­ment As­socia­ti­on» (TEA) as­so­sia­si­ýa­sy hem-de «Sto­ry­land Stu­di­os» kom­pa­ni­ýa­sy dün­ýä­de iň köp ba­ryl­ýan mu­zeý­le­riň sa­na­wy­ny taý­ýar­la­dy. Ge­çen ýy­lyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä taý­ýar­la­nan sa­naw­da hy­taý mu­zeý­le­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Sa­naw­da 20 mu­ze­ýe je­mi 161,4 mil­li­on myh­man ba­ryp gö­rüp­dir. Bu gör­ke­zi­ji 2024-nji ýyl­da­ky 153,2 mil­li­on myh­man­dan 5,4% ýo­ka­ry bo­lup­dyr.
Mu­zeý­ler te­ma­ti­ki se­ýil­gäh­ler we ak­wa­park­la­r bi­len de­ňeş­di­ri­len­de-de ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip­dir. Dün­ýä­niň iň köp ba­ryl­ýan 25 te­ma­ti­ki se­ýil­gä­hi 245,4 mil­li­on, 20 ak­wa­par­ky 36,3 mil­li­on myh­man ka­bul edip­dir. Sa­naw­da Pe­kin­dä­ki Köşk mu­ze­ýi 19 mil­li­on myh­ma­ny bi­len bi­rin­ji, şol şä­her­dä­ki Ýaz­ köşki 17,38 mil­li­on myh­ma­ny bi­len ikin­ji bo­lup­dyr. Üçün­ji ýe­ri Hy­ta­ýyň Si­an şä­he­rin­dä­ki Sin Şi­hu­an­di­nyň maw­zo­le­ýi eýe­läp­dir. Bu ýe­re 11 mil­lio­na go­laý zy­ýa­rat­çy ba­ryp­dyr.
Pa­riž­dä­ki dün­ýä bel­li Luwr mu­ze­ýi­ne 9 mil­li­on­dan gow­rak adam ba­ryp gö­rüp­dir. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty­nyň go­la­ýyn­da­ky Wer­sal şä­he­rin­de ýer­leş­ýän ady­bir mu­zeý 8,4 mil­li­on myh­man ka­bul edip­dir. Sa­na­wa Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Ang­li­ýa­dan, Wa­ti­kan­dan we ABŞ-dan mu­zeý­ler gi­ri­zi­lip­dir.
Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Mil­li mu­ze­ýi­niň myh­man­la­ry­nyň sa­ny 68,3% ýo­kar­la­nyp, 6,51 mil­lio­na ýe­tip­dir.

Ogulşeker HAJYMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.