«Themed Entertainment Association» (TEA) assosiasiýasy hem-de «Storyland Studios» kompaniýasy dünýäde iň köp barylýan muzeýleriň sanawyny taýýarlady. Geçen ýylyň maglumatlaryna görä taýýarlanan sanawda hytaý muzeýleri öňdeligi eýeleýär. Sanawda 20 muzeýe jemi 161,4 million myhman baryp görüpdir. Bu görkeziji 2024-nji ýyldaky 153,2 million myhmandan 5,4% ýokary bolupdyr.
Muzeýler tematiki seýilgähler we akwaparklar bilen deňeşdirilende-de ýokary netije görkezipdir. Dünýäniň iň köp barylýan 25 tematiki seýilgähi 245,4 million, 20 akwaparky 36,3 million myhman kabul edipdir. Sanawda Pekindäki Köşk muzeýi 19 million myhmany bilen birinji, şol şäherdäki Ýaz köşki 17,38 million myhmany bilen ikinji bolupdyr. Üçünji ýeri Hytaýyň Sian şäherindäki Sin Şihuandinyň mawzoleýi eýeläpdir. Bu ýere 11 milliona golaý zyýaratçy barypdyr.
Pariždäki dünýä belli Luwr muzeýine 9 milliondan gowrak adam baryp görüpdir. Fransiýanyň paýtagtynyň golaýyndaky Wersal şäherinde ýerleşýän adybir muzeý 8,4 million myhman kabul edipdir. Sanawa Koreýa Respublikasyndan, Angliýadan, Watikandan we ABŞ-dan muzeýler girizilipdir.
Koreýa Respublikasynyň Milli muzeýiniň myhmanlarynyň sany 68,3% ýokarlanyp, 6,51 milliona ýetipdir.
Ogulşeker HAJYMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
PDF








