An­tal­ýa­nyň Ke­ko­wa ada­sy­nyň go­la­ýyn­da ýüze çykarylan gä­mi­niň ga­lyn­dy­la­ry su­wuň aşa­gyn­dan ta­py­lan iň ga­dy­my gä­mi hök­mün­de Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Tür­ki­ýä­niň Ak­de­ňiz uni­wer­si­te­ti­niň alym­la­ry ýur­duň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň alyp bar­ma­gyn­da uzak ýyl­lap yl­my bar­lag­la­ry ge­çi­rip­dir­ler. Ne­ti­je­de, dür­li ýyl­lar­da su­wuň aşa­gyn­da ýa­tan gä­mi­le­riň üs­tün­den bar­lyp­dyr. Ola­ryň ara­syn­da iň ga­dy­my­sy 4 müň 700 ýyl bi­len se­ne­len­ýär. Bu gä­mi 2024-nji ýyl­da ta­py­lyp­dyr. Gä­mi­den ta­py­lan ta­ry­hy eser­ler Stam­bul­da gu­rul­ýan «Dört de­ňiz bir mu­zeý» at­ly mu­zeý­de gör­ke­zi­ler. Kä­bir ta­pyn­dy­lar bol­sa, An­tal­ýa­da­ky Or­ta­ýer deň­zi su­was­ty ar­heo­lo­gi­ýa mu­ze­ýin­de köp­çü­li­ge gör­ke­zi­ler.

Oguljennet Esenowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.