Antalýanyň Kekowa adasynyň golaýynda ýüze çykarylan gäminiň galyndylary suwuň aşagyndan tapylan iň gadymy gämi hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Türkiýäniň Akdeňiz uniwersitetiniň alymlary ýurduň Medeniýet ministrliginiň alyp barmagynda uzak ýyllap ylmy barlaglary geçiripdirler. Netijede, dürli ýyllarda suwuň aşagynda ýatan gämileriň üstünden barlypdyr. Olaryň arasynda iň gadymysy 4 müň 700 ýyl bilen senelenýär. Bu gämi 2024-nji ýylda tapylypdyr. Gämiden tapylan taryhy eserler Stambulda gurulýan «Dört deňiz bir muzeý» atly muzeýde görkeziler. Käbir tapyndylar bolsa, Antalýadaky Ortaýer deňzi suwasty arheologiýa muzeýinde köpçülige görkeziler.
Oguljennet Esenowa,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
PDF








