Janly-jandarlaryň köpüsi üç paslyň dowamynda gyşa taýýarlyk görýär. Käbir guşlar gyş paslyny öz ýerinde geçirseler-de, aglaba bölegi hatar gurap alys ýurtlara uçup gidýär. Guşlaryň köpçülikleýin göçmeginiň esasy sebäpleri iýmitlenmek we höwürtgelemek bolup, olar ýaz, tomus paslynyň dowam edýän ýerlerine göçüp barýarlar. Bilşimiz ýaly, tomus köp miweleriň, däneli ösümlikleriň ýetişýän möwsümi. Baran ýerlerinde guşlar miwedir däne iýip, höwürtge ýasap, jüýjeläp köpelýärler. Bir möwsümi şol ýerde geçirenlerinden soňra, olar ýene-de uçup yzyna gaýdýarlar. Guşlaryň käbir görnüşi gündizine, käbiri bolsa gijesine göçüp, atanak şekili (toýnuk) emele getirýärler. Guşlaryň syýahaty möwsümiň gelşine, klimata görä üýtgäp bilýär.
Göçüp barýan guşlar ýyllyk syýahatlarynda müňlerçe kilometr geçip, köplenç her ýylky gatnaýan ugruny saýlaýarlar. Guşlaryň arasynda «ýolbeletleri» bolup, olar haýsy tarapa uçmalydygyna gözegçilik edýärler. Olar Günüň, ýyldyzlaryň hereketlerini synlamak hem-de Ýeriň magnit meýdanyny duýmak arkaly ýol maglumatlaryny alýarlar. Garlawajy, bilbili, durnany, leglegi we deňiz guşlaryny yssy ýurtlara uçup gidýän guşlar hökmünde mysal getirmek bolar.
Guşlaryň köpüsi yssyny gowy görýän hem bolsa, sowuk howada ýaşamagy halaýanlary-da bar. Şol sebäpli uçup giden guşlaryň ornuna «gyşky myhmanlar» gelýär. Olaryň hatarynda gargany, suw guşlarynyň käbir görnüşini görkezmek bolar.
PDF








