Pasyllar çalyşdy. Gyş pasly öz ornuny bahar paslyna berdi. Ýaz pasly köp adamlar üçin täze umytlaryň, özgerişlikleriň döwri. Gyşyň gutarmagy bilen
tebigat janlanyp, durmuş ajaýyp görünýär. Şu ýerde bahar pasly barada gyzykly maglumatlaryň käbirini dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
1. Baharda we tomusda çagalar 3 esse çalt ösýärler
Bu görkezijini Beýik Britaniýanyň alymlary kesgitlediler. Olaryň geçiren seljermelerine görä, çagalar mart bilen awgust aýlary arasynda sentýabr bilen dekabr aýlaryna garanyňda, 3 esse çalt ösýärler.
2. Baharda ilkinji gülleýän agaç – sakura
Sakuranyň watany Ýaponiýa. Şu günki günde bu agajyň ajaýyp güllerini dünýäniň dürli künjeginde görmek bolar. Ýapon agajynyň iri gülleri şäheri ajaýyp keşbe büreýär.
3. 20-nji mart – baharda gije-gündiziň deňleşmegi
Ine şol gün bahar paslynyň gelendigini alamatlandyrýar. 20-nji martda gije bilen gündiz deňleşýär.
4. Ösümlikler janlanýar
Mart aýynda kesilen agaç şahalaryny suwly gaba goýup, ony Gün şöhlesiniň gowy düşýän ýerine goýlanda, ol şineläp ugraýar. Eger şu ýagdaý noýabrda gaýtalananda, netije alyp bolmaýar. Bu ýagdaýyň emele gelmegi agaçlaryň oýanma wagty bilen baglanyşyklydyr. Ony hem gündiziň dowamlylygy kesgitleýär.
5. Baharda arylar dözümli, parahat bolýarlar
Bahar paslynyň gelmegi bilen bal arylary öýjük edinmäge başlaýarlar. Şeýle hem bu pasylda beýleki mör-möjekler hem rahat bolýar.
6. Baharda adamlar güýze garanyňda 3 esse köp dem alýarlar
Beýleki wagtlar bilen deňeşdireniňde, adamlaryň bahar paslyndaky dem almak ýygylygy 3 esse ýokarlanýar. Adatça adam bir sagadyň dowamynda müň gezek dem alýar. Bahar paslynda ol has hem köpelýär. Alymlar muny adam bedeniniň uzak gyş aýlarynda kislorody az kabul edýändigi bilen düşündirýärler. Şonuň üçin baharda bu ýagdaý täzeden öňki durkuna gelýär. Tebigata jan girip, olar has köp kislorod bölüp çykarýarlar. Adamlaryň öýkenleri hem artdyrylan depginde işläp başlaýar.
7. Baharyň öz hereket tizligi bar
Alymlar baharyň näderejede çalt hereket edýändigini hasapladylar: bu hereket tizligi bir gije-gündizde 50 kilometre deňdir. Muny käbir ösümlikleriň gülläp ösmegine syn etmek arkaly kesgitlemegi başardylar.
8. Ikatýok – baharyň buşlukçysy
Köne däplere görä, adamlar ikatýogy baharyň buşlukçysy hasaplapdyrlar. Haçanda tokaýdan ikatýogyň sesleri eşidilip başlananda bahar paslynyň gelendigi mälim edilipdir.
9. Ösümlikleriň kökleri ilkinji gezek ýylylygy duýýarlar
Ösümlikleriň kökleri ilkinji bolup, bahar paslynyň gelendigini duýýarlar. Olar eýýäm 7-8 dereje ýylylykda işjeň ösüp başlaýarlar.
Oguljan MUHAMMETNYÝAZOWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.