Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şöhratly pederlerimizden miras galan asylly däpler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy, şahsy göreldesi bilen dowam edýär we ösdürilýär. Şeýle däpleriň biri-de, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratyny artdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny köpeltmek we milli atçylyk sportuny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen amala aşyrylýan işlerdir. Ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň döwrebap ösdürilmegi ugrunda alada edýän döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserlerinde, goşgy setirlerinde ahalteke bedewleriniň waspy belentden-belent ýaňlanýar. Biz hem bagtyýar zamanada waspy ýetirilýän bedewlerimiziň türkmen edebiýatynda eýeleýän orny hakynda söhbet etmegi makul bildik.
Türkmen edebiýatynyň taryhynda bedewleriň çeper keşbi nusgalyk derejesine ýetirilipdir. Onuň şeýledigine türkmen edebiýatynda waspy ýetirilýän Isgender Zülkarneýniň aty Busefalyň, Rüstem Zalyň aty Rahşyň, Muhammet pygamberi Magraja aşyran aty Byragyň, Hezreti Alynyň Düldüliniň, Göroglynyň Gyratynyň, Magrupynyň «Ýusup-Ahmet» dessanyndaky Ýusup begiň aty Margiriniň, «Döwletýar» dessanyndaky Döwletýaryň aty Serhoşyň, Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanyndaky Bilbiliň aty Ýyldyrymyň, Zeliliniň Ýel atly atynyň atlaryny ýatlamak ýeterlikdir.
Gündogar ýurtlarynda Isgender Zülkarneýn ady bilen tanalýan meşhur taryhy şahsyýet – Aleksandr Makedonly miladydan öňki 356-323-nji ýyllarda ýaşap geçipdir. Ömrüniň köp bölegini at üstünde geçiren bu şahsyýetiň hemişelik wepadar hemrasy Busefal atly aty bolupdyr. Taryhy edebiýatlarda bu atyň ahal-teke bedewlerinden bolandygy barada beýan edilýär. Isgender Zülkarneýn Hindistana ýöriş eden wagty Busefal söweşleriň birinde agyr ýaralanypdyr we wepat bolupdyr. Isgender Zülkarneýn söýgüli atyny adam ýaly depin edip, onuň hormatyna ýadygärlik dikdirip, şäher gurdurypdyr. Isgender Zülkarneýniň Busefal atly aty barada Alyşir Nowaýynyň, Nyzamy Genjewiniň, Abdyrahman Jamynyň eserlerinde beýan edilipdir.
Rüstem Zalyň Rahş atly atyny Abulkasym Ferdöwsi «Şanama» kitabynda wasp edipdir. Rüstem Zalyň hemişelik hemrasy bolan Rahş eýesi bilen birnäçe söweşleri başdan geçiripdir, köp söweşlerde ýeňiş gazanypdyr. «Şanamanyň» Rüstem Zala bagyşlanan bölümlerinde Rahşyň öz eýesiniň söweşjeň ýoldaşy, uçar ganaty bolandygy barada aşakdaky mysallarda çeper suratlandyrylýar:
Atyna atlanyp, uçdy-da gitdi,
Dag-dereden ýel dek geçdi-de gitdi.
***
Aty demir sowudyndan boşatdy,
Ganymlaň içinden ok ýaly ötdi.
«Yşk mülküniň şasy» hökmünde tanalýan Mollanepesiň «Seniň» atly şygrynda Rahşa bagyşlanan şeýle setirler bar:
Atlanyp meýdana çyksaň, Rahşyň esbabyn salyp,
Silkip alsaň egniňe gülgün, ýüpek donlar seniň.
Ferdöwsiniň «Şanama» eserinde wasp edilýän gahrymanlaryň biri hem Siýawuşdyr. Siýawuşyň söýgüli atynyň ady Bihzat bolupdyr.
Halk arasynda Hezreti Alynyň Düldül atly aty bilen baglanyşykly birnäçe rowaýatlar saklanyp galypdyr. Ol rowaýatlarda Düldüliň aýak yzy galan ýeriň topragy körleriň gözüni açýar diýlip aýdylypdyr. Magrupynyň «Ýusup-Ahmet» dessanynda Ýusup öz aty Margire «Margirim Düldül peder sen» diýip ýüzlenipdir. Ferdöwsiniň «Şanamasynda» Bähram Çubine sowgat berlen bedewi Düldüle meňzedilipdir:
Düldül dek bir bedew hem şalyk täjin,
Kesgir gylyç, sowut, şeşmer topbajyn
Bähram Çubine ol peşgeş iberdi,
Ýanynyň dinary, dirhemem bardy.
Mollanepesiň «Bedewdir» atly şygrynda-da taryhda at alan bedewler Düldüliň, Byragyň waspy ýetirilipdir:
Serwi deý gerdenli, belent gerişli,
Gül kimin dodakly, dürdäne dişli,
Düldül deý syratly, Byrag ýörişli,
Inse-çyksa hoş reftarly bedewdir.
XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Abdylla Şabende seýisçilik bilen meşgul bolan şahyrdyr. Gadymy Was topragynda ýaşap geçen Şabendäniň döredijiliginde bedew atlara mynasyp baha berlipdir. Şahyryň «Arap at» atly şygrynda Düldüliň, Byragyň keşbi nusgalyk atlar hökmünde görkezilipdir.
Dal gerdenli, näzik, ebrişem ýally,
Byrag mertebeli, Düldül nyşanly,
Sypaty messana, seri hyýally,
Galkynyp, daglara bakar arap at.
Türkmen bedewi barada maglumat berýän edebi ýadygärlikleriň biri hem «Görogly» dessanydyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň Adamzadyň maddy däl gymmatlyklarynyň sanawyna goşulan bu dessan türkmen halkynyň durmuşynda bedew atlaryň tutýan ornuny kesgitlemekde hem gymmatly çeşmedir. Dessanda Göroglynyň Gyratynyň kämil derejede seýislenip terbiýelenendigi, onuň agyr hala düşen söwer dostuny özüniň ugurtapyjylygy, düşbüligi bilen halas edendigi, ruhlandyrandygy täsirli beýan edilýär. Gyrat Görogly şatlananda, dostunyň begenjini paýlaşyp, çarpaýa galýar. Halkyň söýgüli gerçegi agyr ýaralananda bolsa gussa batyp, gözlerinden ýaş dökýär. Araz çaýyndan bökýär, belent-belent dag gerişlerinden uçup geçip, ynsan köňlüni heýjana getirýär. Gyratyň özüni ynsan ýaly akylly-başly alyp barşy, batyrgaý, çalasyn, gaýduwsyz, maksada okgunly hereketleri, wepalylyk, mähribanlyk, dostanalyk ýaly ynsanpisint häsiýetleri – Oguz nesliniň seýisçilik sungatynyň şirin miweleridir. Çünki, Türkmenistanyň çägi aty ilkinji eldekileşdirilen mekanlaryň biridir. Türkmen atşynaslyk-seýisçilik sungaty b. e. öňki III-II müňýyllyklardan gözbaş alýandyr. Onuň şeýledigini Marguş ýurdundan tapylan tapyndylar subut edýär. Marguş ýurduny has içgin öwrenen arheolog W. I. Sarianidi «Marguş» atly kitabynda türkmen atlary hakynda aýratyn durup geçipdir.
«Görogly» dessany hakyndaky söhbetimize dolansak, eserde Gyratyň waspy şeýle ýetirilýär:
Atam saňa arzym aýtsam,
Araz çaýdan geçdi Gyrat,
Bir hümmet ýetdi möwlamdan,
Ganat baglap uçdy Gyrat.
Dessanyň «Harmandäli» şahasynda Görogly begiň Agaýunusyň «Aman-esen geldiňmi? Näme iş bitirip geldiň?» diýen sowalyna goşgynyň üsti bilen berýän jogabynda Gyrat ýatlanylýar:
Mundan bardym Rumystana,
Belent dagdan aşyp geldim.
Gyraty sürüp mestana,
Ganat baglap uçup geldim.
Watan goragyny öz ýaşaýyş-durmuş maksady hökmünde saýlan Görogly öz wepadar bedewine: «Perzent dilemedim, seni diledim» diýýär. Atyny has mukaddes görýändigi üçin oňa «Malym Gyrat, janym Gyrat, başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde ýoldaşym» diýip ýüzlenipdir. Ol Gyratyň janyny özüniňkiden ileri tutupdyr. Dessanyň «Arapreýhan» şahasynda Gyraty ýaýdan atjak bolýan Araba ýüzlenip:
Saňa diýerem, Arapreýhan,
Atymy atma meni öldür – diýip ýalbarýar.
Dessanyň jemleýji bölüminde soňky demine çenli ganym bilen garpyşyp heläk bolan Gyraty Çandybiliň halky Göroglynyň gapdalynda edil adam ýerlenişi ýaly depin edýär. Ýeri gelende bellesek, jan beren bedewiň kellesine kepen orap jaýlamak däbi türkmenlerde ýaňy-ýakynlarda hem bolupdyr.
Türkmen bedewiniň ykbalynyň adamzadyň durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy hakyndaky wakalar «Oguznama», «Gorkut ata» eposlarynda we beýleki dessanlarda hem öz beýanyny tapypdyr. Oguzlaryň «Gorkut ata» eposynda türkmen tebigatynyň dürli bölejikleri, hadysalary kyssa hem-de şygyr bilen wasp edilipdir. Ol setirlerde türkmen bedewi hem orun alypdyr:
Salkyn-salkyn daň ýelleri öçdüginde,
Sakally bozlaç topgaý saýragynda,
Bedew atlar esen görüp okrandykda
Sakaly uzyn datly ary wakladykda…
Oguz durmuşyny açyp görkezýän «Gorkut ata» eposynda bedew atyň ýow güni hem, toý güni hem oguz gerçeginiň ýoldaşy bolandygy birnäçe mysallaryň üsti bilen aňladylypdyr. Eposyň «Baýbüräniň ogly Bamsybiýrek boýuny beýan eder» atly bölümindäki Bamsybiýrek bilen atynyň arasyndaky wakalarda bedew atyň goç ýigidiň ýoldaşy, ýardamçysy, syrdaşy, göwün hoşy bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýagny, öz eýesini on alty ýyllap görmedik deňiz gulany Bozaýgyr Biýrek ýesirlikden boşap ýanyna baran mahaly ony tanap, iki aýagynyň üstüne galyp kişňeýär. Biýrek bolsa onuň başyny sypap: «At diýmezem saňa, gardaş diýerem, Gardaşymdan ýeg at! Başyma iş geldi, ýoldaş diýerem, Ýoldaşymdan ýeg at!» diýipdir.
«Oguznamada» bedew wepadarlygy barada söhbet açýan rowaýat getirilýär. Bir oguz beginiň iki ogly çagalykda duşmana ýesir düşüpdir. Duşmanyň patyşasy olaryň öňünde doganlaryň özara uruşmalydygy, biriniň beýlekisini öldürmelidigi barada şert goýupdyr. Öldüreni boşatjakdygy, eger uruşmasalar ikisini-de öldürjekdigini aýdypdyr. Patyşa diri galany hem soňundan öldürtjek ekeni. Doganlaryň ikisi hem biri-birine «Meni öldür-de, sag-aman öýe bar» diýip töwella edipdirler. Hiç haýsy hem şeýle ýol bilen alynjak azatlyga razy bolmandyr. Ertesi gün doganlara her dürli ýarag, söweş geýimlerini beripdirler. Emma, Hudaýyň gudraty bilen agasy birden bedew ata öwrülipdir. Inisi bedewe atlanyp, ikisem sag-aman öz iline dolanyp barypdyrlar. Türkmeniň aty bilen dostlugy, türkmen bedewiniň eýesine wepalylygy şondan galypdyr diýen rowaýat döräpdir. Oguz illeri ol janawerleriň gadyryny bilip, olaryň şanyna ajaýyp nakyllary bagyşlapdyr: «At ýigidiň ýoldaşy», «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy». Lälelerdir monjugatdylarda, küştdepdilerde hem bedewiň waspyny edipdirler.
Oguz türkmen begleri tebigat gözelliklerinden diňe lezzet alman, eýsem, olary aýawly saklamaga-da çalşypdyrlar. Uzak taryhy wagtyň dowamynda edermen ýigitler üçin mynasyp, çalasyn we çydamly atlary ýetişdiripdirler. Kowsa ýetýän, gaçsa gutarýan ol bedewler türkmen ýigitleriniň uçar ganaty bolupdyr. Taryhy maglumatlarda halkymyzyň çagalara ýaşlykdan at münmegi, at üstünde birnäçe tilsimleri ýerine ýetirmegi öwredendigi barada beýan edilýär. Rus ýazyjysy Tugan Mirza Baranowskiý bu barada şeýle ýazgy galdyrypdyr: «Ahalyň ähli ýetginjekleri çagalygyndan başlap at üstünde… Olaryň ählisi at üstünde oturyp ýaý atmagy we gylyçlaşmagy başarýarlar». Antik eýýamynda ýaşap geçen Mark Ýunian Ýustin parfiýalylar barada şeýle ýazýar: «Olar (parfiýalylar) hemişe: uruşda-da, myhmançylykda-da at üstünde. Döwlet we hususy işlerini hem at üstünde çözýärler. Olar atyň üstünde syýahat edýärler, duşuşýarlar, söwda edýärler, maslahatlaşýarlar…» IX asyrda ýaşan arap awtory Al-Jahiz türkmenler barada şeýle habar berýär: «Eger sen türkmeniň durmuşyny öwrenip, onuň gününi sanasaň, pyýada gezen wagtyndan, onuň at üstünde köp bolanlygyna göz ýetirersiň».
Taryhda aty bilen bagry badaşan türkmen gerçekleriniň biri hem Jelaletdin Meňburundyr. Ol ýaşlyk ýyllaryndan başlap ejesi Aýçäçekden at münmegi, münülmedik atlary jylawlamagy, ýaý atmagy, babasy Tahyr begden at üstündäki söweş hünärini öwrenipdir. 1221-nji ýylyň 24-nji noýabryndan soň türkmen gerçegi Jelaletdin Meňburun ömrüniň ahyryna çenli öz seýislän atyny münmändir. 24-nji noýabr güni bolan Nilýap jeňinde Jelaletdin Meňburun mongol goşunlaryndan ýeňilipdir. Ölümiň bäri ýanyndan gaýdan Jelaletdini onuň wepadar ýoldaşy – bedew aty ölümden halas edipdir. Hind derýasynyň iki ýana çyrpynyp ýatan tolkunlaryndan ýüzüp geçip, eýesini derýanyň kenaryna çykarypdyr. Şol wakadan soň minnetdarlyk hökmünde Jelaletdin atyna münmändir. Atyny gymmatbahaly şaý-sepler bilen bezäpdir we timarlap gezipdir. Taryh hormata mynasyp bolan bu atyň adyny saklap galmandyr. Ýöne, onuň adamzat üçin görkezen ölmez-ýitmez hyzmatyny öz sahypalaryna baky siňdiripdir.
Zyýarylar neslinden bolan Keý Kowus (XI asyr) ogly Gilanşanyň kämil bolup ýetişmegi ugrunda alada edipdir. Ogluna öwütnama hökmünde «Kowusnama» eserini miras goýupdyr. Eseriň ýigrimi bäşinji babynda «Bedew edinmek hakynda» ýazypdyr. Keý Kowus ogluna berýän maslahatlarynda «Dünýe ynsan bilendir, ynsanam haýwan bilendir, haýwanlaryň iň gözeli bolsa atdyr» diýipdir. «Özüňden soň nesilleriňe miras goýjak zatlaryň içinde atyň hem bolsun» diýip pent edipdir.
XVII asyrda ýaşap geçen Hywa hany hem taryhçysy Abulgazy Bahadur han tarapyndan döredilen «Şejereýi-terakime» («Türkmenleriň nesil daragty») eserinde bedew atlaryň waspy ýetirilýär. Eseriň «Salyr Ogurjyk Alpyň atalarynyň, inileriniň hem oglanlarynyň beýany» atly bölüminde şeýle setirler bar:
Döndüm gaçyp, kangly handan kybla sürdüm,
Kyr, ýol aşyp, gelgen är öňünden döndüm,
Karçylarga, ýerçilerge ýol başlatdym,
Gaýly, garly iki gola ýol ýumşatdym.
Arkyt-arkyt kurlarga turjem saldym,
Art öňümge bizge salyp, göçüm tartdym,
Gyr atymda dag ýolundan aşyp bardym,
Gabaklydan Altja ýurt ýurtlatdym…
Edebiýat meýdanynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy Gündogaryň uzak taryhy baý medeniýetini, ahlagyny, pelsepesini we şahyrana dünýäsini şygyrlar çemenine öwrüp, çeper sözden müdimilik ýalkym saçýan ruhy dünýäni miras galdyran ussatlaryň biridir. Magtymguly Pyragy gahrymançylygyň tebigat bilen gös-göni baglanyşyklydygyny, ýigitleriň okgunly hereketleriniň hut tebigat hadysalary, haýwanlara mahsus alamatlar bilen ölçenýändigini şahyrana setirlerde çeper beýan edipdir. Ol meňzetmelerde bedew atlar birinji ýerde durupdyr. Olaryň käbirinden mysallara ýüzleneliň!
«Aty gerek» goşgusy:
At gazanar goç ýigidiň
Owwal bedew aty gerek.
Gelene garşy çykmaga
Ýagşy muhabbeti gerek.
«Meýdan ýoluksa» goşgusy:
Bedew ölse, meýdan galar armanly,
Hak yşkyna at sal meýdan ýoluksa,
Är ölejek, heňňam galar döwranly,
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.
«At ýanynda bellidir» goşgusy:
Eşek özün egsik saýmaz bedewden,
Gymmat etseň, at ýanynda bellidir,
Bedew diýgeç, bolmaz hemme bedew deň,
Çyn bedewler meýdanynda bellidir.
«Habar ber-şeýledir». Magtymgulynyň Durdy şahyr bilen aýdyşyk goşgusynda:
Magtymguly:
O nämedir, adam mysaly syzýan?
Durdy şahyr:
Bedew atlar adam mysaly syzýan…
Kiçi Aziýanyň Anadoly böleginde XIX asyrda ýaşap geçen türkmen şahyry Dadalogly uzyn aýakly, inçe billi, uzyn boýly, kellesi kiçiräk, hamy atlaz matasy ýaly bezemen türkmen bedewini ýörite taryplapdyr.
Şu ýalan dünýäýe geldim, geleli,
Söwerem gyr aty, bir-de gözeli.
Degin on bäşime, kendim bileli,
Söwerem gyr aty, bir-de gözeli.
Atyň höýük sagry, galkan döşlüsi,
Galam gulaklysy, çekiç başlysy,
Gözeliň dal boýly samyr saçlysy.
Söwerem gyr aty, bir-de gözeli.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Annagylyç Mätäjiniň «Bedew» diýen bäşlemesinde atlaryň ähmiýeti ýokary ussatlyk bilen ýüze çykarylýar. Şahyr bedewe mahsus bolan häsiýetleri oňat bilýär. Bar bolan maglumatlara görä, ol birnäçe wagt seýisçilik edipdir. Şonuň üçin-de şahyr taryp edýän jandaryny hakykatda bolşy ýaly, göwnejaý, dogry ýüze çykarmagy başarypdyr. Gerek ýerinde janly deňeşdirmeleri, meňzetmeleri ulanypdyr. Bu eserde bedewiň syçrap turşy towşan bilen deňeşdirilýär, tertipli durşy edaly gyza meňzedilýär. Mätäji bedewiň aklynyň ynsana meňzeşdigini aýdyp, behişdi bedewlerimiziň waspyny arşa çykarýar.
Ýüzlenende ýygyryp hem ýakyny, hem daşy sen,
Kä ýörir sen ýer bilen, kä howanyň guşy sen,
Ara bargan alplarnyň ýow güni ýoldaşy sen.
Kylsa Mätäji güman behişdi haýwan başy sen,
Bolsa şolar jenneti, sen hem imanly bedew.
Türkmen bedewi ençeme müňýyllyklardan bäri adamzady haýrana goýup gelýär. Biziň laçyn bilen ýaryşanda ozmagy başarýan ganatly bedewlerimiziň öwgüsini serkerde şahyr Seýitnazar Seýdi «Bedew» atly goşgusynda ýetiripdir. Seýdi şygrynda bedew üçin ýüz müň düýe, goýun berseňem onuň bahasynyň arzandygy, hassa bolan ynsana bedew üstüniň dermandygy barada beýan edipdir. Sözümiz gurak bolmaz ýaly, il içinde meşhur bolan bu goşgynyň bir bendine gulak goýalyň!
Münende şaý bolsa tükel esbaby,
Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.
Jul eýleseň atlaz ile zerbaby,
Şonda biarmandyr üsti bedewiň.
Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzlary bolan Nurmuhammet Andalybyň, Keminäniň, Gaýybynyň, Zeliliniň… eserlerinde bedewiň waspyny ýetirmegiň kemi goýulmandyr. Beýan edilen maglumatlar, eserlerden getirilen parçalar türkmen halkynyň durmuşynda, türkmen nusgawy edebiýatynda türkmen bedewleriniň mynasyp ornunyň bolandygyny aňryýany bilen subut edýär.
Taryhyň müňýyllyklara uzaýan sahypalarynda sarpasy belentde tutulan bedewlerimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň aladasy, şahsy göreldesi bilen şan-şöhratyň eýesi boldy. Hormatly Prezidentimiz türkmen bedewine bolan çäksiz söýgüsiniň keramatyny olara bagyşlap ýazan birnäçe eserlerinde has anyk beýan edipdir. Ahalteke bedewlerimiz barada alnyp barylýan döwlet syýasatyny, türkmen halkynyň şu günki durmuşynda bedewleriň tutýan ornuny öwrenmekde hormatly Prezidentimiziň eserler ýygyndysy gymmatly çeşmedir. Sözümizi hormatly Prezidentimiziň şu sözleri bilen jemleýäris: «Biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky nyşanydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga ymtylyşynyň şaýadydyr».
Läle ALLABERDIÝEWA,
H. Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk
mekdebiniň taryh mugallymy.