Germaniýanyň Kaýzerlautern hem-de Angliýanyň Lafboro uniwersitetiniň hünärmenleri penjirelerdäki aýna gatlaklarynyň arasyna suw guýulýan täze çözgüdi işläp taýýarladylar. Bu tehnlogiýa adaty iki ýa-da üç gatlakly penjirelere garanyňda ýylylygy gowy saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Üç gatlakly penjirelerde adatça argon gazy ulanylýar. Bu himiki element Gün şöhlesiniň täsirini azaldyp, binany gyşyna ýyly, tomsuna salkyn saklamaga ýardam edýär. Matýas Gutai we Abofazl Heýbari atly hünärmenler bu gazyň ýerine suw ulanmagy teklip edýärler. Sebäbi suw şöhläni özüne has gowy çekýär. Hünärmenler başgaça howa şertleri bolan Wengriýada we Taýwanda täze usuly synagdan geçirip gördüler. Bu penjirede Günüň şöhlesinden peýdalanylyp, sowuk günlerde jaýyň içi ýyladylýar. Suw penjire gatlagynyň arasyna Günüň ýagtylygynyň güýçlüligine görä goýberilýär, gerek wagty azaldylýar. Arasyna suw giren penjire bolsa durulygyny saklap galýar we daşaryny görmäge päsgel bermeýär. Hünärmenler synagyň netijesinde toplan maglumatlaryny seljerip, näçeräk energiýa tygşytlap boljakdygyny öwrenýärler. Şeýle hem dürli howa şertleri bolan şäherleriň haýsysynda, näçeräk energiýa tygşytlap bilinjekdigi hem ýüze çykaryldy. Jemi 13 sany bolan bu şäherleriň arasynda Nýu-Ýork we Pekin ýaly köp ilatly şäherler hem bar. Netijede, bu tehnologiýanyň Atlantik ummanynyň günortasyndaky Folklend adalarynyň sowuk yklymyndan başga dünýäniň ilatly ýerleriniň ählisinde adaty penjirelerden has tygşytlydygy anyklandy. Täze tehnologiýanyň iki gatlakly penjireli jaýlar bilen deňeşdireniňde 54-72 göterim, üç gatlakly penjireli jaýlar bilen deňeşdireniňde 34-61 göterim energiýa tygşytlamaga ýardam edýändigi anyklandy. Üstesine adaty penjireler hökmünde Germaniýadaky ýokary ülňülere gabat gelýän penjireler saýlandy. Bilermenler bu tehnologiýanyň gündelik durmuşda ulanylmagy üçin alada edýärler.
Aýlar HUDAÝBERENOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.