25-nji sentýabrda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu maslahat göni wideoaragatnaşyk arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Milli forumyň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri girizilip, taryhy çözgütler kabul edildi.
Halk Maslahatynyň mejlisine hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçysy we deputatlary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýat, etrap we şäher häkimleri, Halk Maslahatynyň agzalary, kärhanalaryň we guramalaryň köp sanly işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

«Türk­me­nis­tan – Bi­ta­rap­ly­gyň me­ka­ny» ýy­ly­nyň hä­zir­ki gün­le­rin­de gü­neş­li Di­ýa­ry­myz toý-da­ba­ra­la­ra bes­len­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şen bag­ty­ýar ili­miz ýur­du­my­zyň baş baý­ra­my­ny – mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 29 ýyl­ly­gy­ny ulu­dan toý edip, da­ba­ra­ly bel­läp geç­ýär. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ryn­da dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň joş­gu­ny bat alyp, uly üs­tün­lik­le­re ýet­mä­ge ruh­lan­dyr­ýar.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly to­ýu­ny my­na­syp de­re­je­de gar­şy­la­ýan döw­rü­miz­de ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da hem uly wa­ka bo­lup geç­di. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ta­ry­hy mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da ata Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gül­le­dip ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, şan-şöh­ra­ty­ny has-da ar­şa gö­ter­mek, ra­ýat­la­ryň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça döw­let­li mas­la­hat edil­di. Halk Mas­la­ha­tyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň kabul edilmegi taryhy waka boldy. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tyn­da ka­bul edil­ýän çöz­güt­ler hem-de ola­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar.
Bil­şi­miz ýa­ly, ge­çen ýy­lyň güý­zün­de Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ýur­du­myz­da Kons­ti­tu­si­on öz­gert­me­le­re öz­bo­luş­ly ba­dal­ga bol­dy. Şol Mas­la­hat­da Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bo­ýun­ça tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak we umu­my­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len de­giş­li res­mi­na­ma ka­bul edil­di. Ge­çen döw­rüň için­de Esa­sy Ka­nu­ny­my­zy kä­mil­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň bir­nä­çe mej­lis­le­ri ge­çi­ril­di.

Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bi­len bag­ly tek­lip­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak hem-de umu­my­laş­dyr­mak bo­ýun­ça Kons­ti­tu­si­on to­pa­ryň 19-njy aw­gust­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de «Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on ka­nu­ny­nyň tas­la­ma­sy­ny ma­kul­la­mak we Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­na hö­dür­le­mek ha­kyn­da» Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň Ka­rary ka­bul edil­di.
Şon­dan soň­ra ka­nu­nyň tas­la­ma­sy ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da, et­rap­la­ryn­da we şä­her­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne gat­naş­jak we­kil­ler bi­len ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len, ýur­du­my­zyň Esa­sy Ka­nu­ny­ny – Kons­ti­tu­si­ýa­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň esa­sy mak­sa­dy Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň we Mej­li­si­niň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek­den hem-de ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ni ama­la aşyr­ýan eda­ra­la­ryň iki pa­la­ta­ly gur­lu­şy­ny dö­ret­mek­den, de­mok­ra­tik ins­ti­tut­la­ryň işi­ni ýo­ka­ry de­re­je­le­re çy­kar­mak­dan yba­rat­dyr. Ka­nun tas­la­ma­syn­da Mil­li Par­la­men­ti umu­my gör­nüş­de Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi, onuň ka­nun çy­ka­ry­jy pa­la­ta­sy­ny Mej­lis, we­kil­çi­lik­li pa­la­ta­sy­ny bol­sa Halk Mas­la­ha­ty di­ýip at­lan­dyr­mak tek­lip edil­ýär hem-de we­kil­çi­likli pa­la­ta­sy­na ag­za­la­ry saý­la­ma­gyň aý­ra­tyn­lyk­la­ry, yg­ty­ýar­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gir­ýän ka­da­lar aý­dyň gör­ke­zil­ýär.
Ýur­du­my­zyň Baş Ka­nu­ny­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek bo­ýun­ça dö­re­di­len Kons­ti­tu­si­on to­par ýur­du­my­zyň mun­dan beý­läk-de ösü­şi­ne uly sal­dam­ly go­şant goş­jak asyl­ly ka­nun tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş alyp bar­dy. Mil­li Liderimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da bu to­pa­ryň bir­nä­çe mej­li­si ge­çi­ri­lip, olar­da Mej­li­siň de­pu­tat­la­ryn­dan, de­giş­li mi­nistr­lik­ler­den, pu­dak we yl­my eda­ra­lar­dan, okuw mek­dep­le­rin­den, sy­ýa­sy par­ti­ýa­lar­dan hem-de jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­den we ra­ýat­lar­dan ge­lip gow­şan tek­lip­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. «Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ha­kyn­da­ky» Kons­ti­tu­si­on ka­nu­nyň tas­la­ma­sy­ny ara al­nyp mas­la­hat­laş­ma­gyň bar­şyn­da ra­ýat­la­ryň müň­ler­çe­si hor­mat­ly
Pre­zi­den­ti­mi­ziň de­mok­ra­tik döw­le­tiň, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­niň bin­ýat­la­ry­ny ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len öz­gert­me­le­re çuň­ňur buý­sanç­la­ry­ny be­ýan edip, öz pi­kir­le­ri­ni we tek­lip­le­ri­ni aýt­dy­lar. Iki pa­la­ta­ly Par­la­men­tiň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň de­mok­ra­tik ösü­şin­de ta­ry­hy ädim bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­sy­nyň iş­le­ri­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler mil­li gym­mat­lyk­la­ra da­ýa­nyp ama­la aşy­ryl­ýan sy­ýa­sy we dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň berk bin­ýa­dy bo­lup hyz­mat ed­ýär.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ýur­du­my­zyň Par­la­men­ti­niň or­nu­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny gi­ňelt­mek mak­sa­dy bi­len öňe sü­ren baş­lan­gy­jy­ hal­ky­my­zyň ara­syn­da giň ses­len­me dö­ret­di.
Par­la­men­ti­mi­ziň Halk Mas­la­ha­ty pa­la­ta­sy­nyň dü­zü­mi­ni eme­le ge­tir­mek bo­ýun­ça we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat şä­he­rin­den we­kil­le­riň sa­ny, ola­ry saý­la­ma­gyň hem-de bel­le­me­giň ter­ti­bi, Halk Mas­la­ha­ty­nyň ag­za­ly­gy­na da­laş­gär­le­re bil­di­ril­ýän ta­lap­lar we ola­ryň yg­ty­ýar­lyk möh­le­ti ba­ra­da Kons­ti­tu­si­on ka­nun­da orun al­dy. Şol bir ada­myň bir wagt­da Mil­li Par­la­men­tiň iki pa­la­ta­sy­na-da saý­lan­ma­gy­na we iş­le­me­gi­ne ýol be­ril­me­ýän­di­gi ba­ra­da­ky ka­da­nyň hem bar­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Bu ka­da­nyň Esa­sy Ka­nu­ny­my­za gi­ri­zil­me­gi ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik baş­lan­gyç­la­ry hem-de dur­muş ada­lat­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de mö­hüm bo­lup dur­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, Mil­li Ge­ňe­şiň pa­la­ta­la­ry­nyň mej­lis­le­ri­ni ge­çir­me­giň, ola­ryň yg­ty­ýar­lyk­la­ry­na de­giş­li me­se­le­le­riň anyk ka­da­la­ry be­ýan edil­di. Kons­ti­tu­si­on ka­nun­da ka­nun­la­ry ka­bul et­me­giň ter­ti­bi­ni anyk kes­git­le­ýän ka­da­la­ry hem orun al­dy. Ka­da­la­ra la­ýyk­lyk­da, Mej­li­siň ka­bul eden ka­nun­la­ry­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň ga­ra­ma­gy­na ma­kul­la­mak üçin be­ril­me­gi şol ka­nun­la­ra umu­my döw­let bäh­bit­le­ri­ni äh­li zat­dan ýo­kar­da goý­mak nuk­daý­na­za­ryn­dan mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Arç­man ÝA­ZY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.