Dürli ugurlarda iş alyp barýan «Alphabet» kompaniýasy ekinleriň her birini barlap, bu barada maglumat toplaýan roboty tanyşdyrdy. Robotlar daýhanyň bol hasyl almagyna ýardam eder. Tigirleri beýik bolansoň, ekine hiç hili zeper ýetirmeýän robot kompaniýanyň «Mineral» atly taslamasynyň çäklerinde kämilleşdirilýär. Bu robotlaryň döredilmeginiň maksady ekin meýdanynda taýýar bolan hasyly isripsiz ýygnamakdan ybarat. Taslama ýolbaşçylyk edýän Elliott Grant oba hojalyk pudagynda has kämil tehnikalary ulanmak arkaly önümçilik usullaryny üýtgetmek isleýändigini belleýär. Taslamany taýýarlaýan hünärmenler barha ýokarlanýan azyk zerurlygyna talabalaýyk jogap bermegiň hem-de daşky gurşaw üçin zyýansyz önümçiligi ýola goýmaga goşant goşmagy maksat edinýärler. Hünärmenler bu maksada ýetmek üçin tohumyň ekilen wagtyndan hasyly alynýan wagta çenli aralykda yzygiderli maglumat almagyň zerurdygyny belleýärler. Grant her bir ekini barlap, gerek bolan iýmiti berilse, has köp hasyl alyp boljakdygyny belleýär. Ekin meýdanlarynda hereket etmegi üçin işlenip taýýarlanan robotlar ösümligiň ösüşini we näderejede daşky gurşawyň täsirinde galýandygyny anyklamaga ýardam eder. Taslamanyň çäklerinde işlenip düzülen robot geçen birnäçe ýylyň dowamynda Kaliforniýadaky ýertudana hem-de Illinoýsdaky soýa ekilen ýerlerde işledilipdir. Robotlar her bir ösümligi surata alyp, olary belli toparlara bölüpdir. Bu robotlar ösümligiň boýy, ýapragynyň giňligi we hasylynyň ululygy barada hem maglumat ýygnaýar. Ekiniň ösüşi barada zerur bolan bu maglumatlar bolsa, daýhanlar üçin ähmiýetli bolup durýar. Önüm öndürijiler ekiniň diňe zerur bolan düýbüne aýratyn ideg edýärler. Şeýlelikde, daýhanyň hem çykdajysy azalýar, hem-de daşky gurşawa ýetirilýän zyýan azalýar. «Mineral» taslamasynyň wekilleri eýýäm Argentina, Kanada, Günorta Afrika we ABŞ ýaly ýurtlardaky daýhanlar bilen hyzmatdaşlyk edip başlandyklaryny belleýärler. Oba hojalyk robotynyň köpçülikleýin önümçiliginiň ýola goýlup, satuwa çykaryljak wagty mälim edilmedi.
Yslam Ataýew,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.