Ho­wa­nyň üýt­ge­ýän şu gün­le­rin­de dog­ry iý­mit­len­mek, da­şa­ryk çy­ky­lan­da ta­la­ba­la­ýyk ge­ýin­mek aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li bo­lup dur­ýar. Bu dö­wür­de be­de­ni­mi­ziň go­rag ul­ga­my­nyň berk bol­ma­gy ada­my dür­li ke­sel­ler­den go­ra­ýar. Luk­man­lar so­wuk ho­wa­da be­de­ni güýç­len­dir­mek üçin iý­mit­len­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Gyş aý­la­ryn­da hep­de­de 2-3 ge­zek kö­sük­li dä­ne­ler­den taý­ýar­la­nan ta­gam­la­ry iý­mek­lik mas­la­hat be­ril­ýär. Ola­ra no­hut, noý­ba, mer­ji­mek, mäş ýa­ly dä­ne­li ekin­ler de­giş­li­dir. Bu önüm­le­riň dü­zü­min­de has köp sü­ýüm bol­ýar. Şeý­le hem kä­şir­den we gök ot­lar­dan taý­ýar­la­nan iş­däa­çar­lar be­de­niň go­rag ul­ga­my­ny güýç­len­dir­ýär. C we E wi­ta­min­le­ri be­de­niň ýo­kanç­la­ra gar­şy gö­reş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Şol se­bäp­li dü­zü­mi C wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan al­ma, ar­myt, pyr­ty­kal, man­da­rin, greýp­furt ýa­ly mi­we­le­ri yzy­gi­der­li iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär.
Hoz, ba­dam ýa­ly gu­ry ir-iý­miş­ler E wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lup, her gün­de 8-10 ma­ňyz iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. A we C wi­ta­mi­ni ba­bat­da baý ha­sap­lan­ýan nar hem gyş­da iýil­me­gi mas­la­hat be­ril­ýän mi­we­le­riň bi­ri­dir.
Suw iç­me­gi unut­maň!
Köp adam di­ňe ys­sy ho­wa­da suw iç­ýär. Suw aş­ga­za­nyň we içe­ge­le­riň aras­sa­lan­ma­gy üçin äh­mi­ýet­li­dir. Şol se­bäp­li gyş pas­lyn­da hem her gün ge­rek­li muk­dar­da suw iç­me­gi do­wam et­dir­me­li.
Der­man­lyk çaý­lar­dan
peý­da­la­nyň!
Luk­man­lar dür­li ösüm­lik­le­riň ýap­rak­la­ryn­dan, gül­le­rin­den ýa-da kök­le­rin­den taý­ýar­lan­ýan çaý­la­ry gyş pas­lyn­da iç­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler. Ösüm­lik çaý­la­ry be­de­niň ta­lap ed­ýän su­wuk­ly­gy­ny üp­jün et­mek bi­len bir ha­tar­da dem alyş ýol­la­ry­ üçin hem peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Gök çaý bi­len bir ha­tar­da türk­men te­bi­ga­ty­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri bo­lan ço­pan­tel­pek, ýan­dak, nar­pyz, at­gu­lak, kä­ki­lik oty, it­bu­run ýa­ly ýur­du­my­zyň der­man se­na­ga­ty kär­ha­na­la­ryn­da mel­hem­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ri­lip, ýö­ri­te taý­ýar­la­ny­lan mel­hem çaý­lar­dan yzy­gi­der­li iç­mek­lik sag­ly­gy­ňy­zy ber­kit­mäge ýar­dam eder.