Otag ösümlikleri öýüň howasyny arassalamakda, çyglylygy deňagramly saklamakda örän ähmiýetlidir. Waşington uniwersitetiniň hünärmenleri howany hloroformdan hem-de benzoldan arassalaýan otag ösümligini taýýarladylar. Dem alýan howamyzyň arassa bolmagy saglyk üçin örän ähmiýetli hasaplanýar. Şol sebäpli, esasan hem, şäherde ýaşaýan adamlara ýygy-ýygydan seýilgählerde, deňizdir derýa kenarlarynda, tebigatyň jümmüşinde gezelenç etmek maslahat berilýär. Köp ilatly şäherlerde bolsa öýlerde we iş ýerlerinde howany arassalaýan ýörite süzgüçler hem ulanylýar. Bu süzgüçler howadaky ownujak tozan bölejiklerini arassalaýar. Emma bu süzgüçler aňsatlyk bilen bugarýan käbir himiki maddalary hem-de tozan bölejiklerini doly arassalamaýar. Mysal üçin, howanyň düzüminde awtoulaglaryň tüsseçykaryndan çykýan zerrejikleriň köp mukdarda bolmagy adam saglygyna zeper ýetirip bilýär. Waşington uniwersitetiniň hünärmenleriniň döreden ösümligi howany zyýanly maddalardan arassalaýar. Bu baradaky ylmy makala «Environmental Science & Technology» žurnalynda neşir edildi. Bu ösümligiň netijeliligi barlananda üç günüň dowamynda howany 82 göterim arassalandygy ýüze çykaryldy. Altynjy günüň ahyrynda bolsa, howada hiç hili himiki galyndy we tozan böleginiň galmandygy belli boldy. Bu ösümligiň howany arassalamagy üçin otagda howanyň aýlanmagynyň hem zerurdygy bellenildi. Häzirki wagtda hünärmenler birden köp zyýanly himiki maddany arassalaýan ýeke-täk ösümligi döretmegiň aladasyny edýärler. Şeýle ösümlikleriň howany arassalamakda ulanylyp bilinjekdigi bellenilýär.
Altyngözel Hangulyýewa,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.