Angliýanyň “Premier Ligasynyň” 16-njy tapgyrynda 2 duşuşyk pandemiýa sebäpli soňa goýuldy. Oýnalan galan 8 duşuşygyň bolsa, 2-si golsuz, 4-si deňlik ýagdaýynda tamamlandy. Sanawyň lideri “Liwerpul” myhmançylykda “Nýukasl” bilen duşuşdy. Golsuz geçen oýunda “Liwerpul” toparynyň oýunçylary birnäçe amatly pursatlardan peýdalanyp bilmediler. Öz meýdançasynda “Aston Willa” bilen 1-1 deňme-deň oýnan “Çelsi” zerur bolan 2 utugy ýitirdi. “Mançester Ýunaýted” Markus Reşforduň 90+4-nji minutda geçiren goly bilen “Wulwerhemptondan” 1-0 üstün çykdy. Bu ýeňişden soň, “mankunianlar” 2-nji orna beýgeldi. Şu möwsümde garaşylyşyndan juda pes çykyş edýän “Arsenal” myhmançylykda “Braýtony” 1-0 ýeňdi. Londonlylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly oýna gireninden 22 sekuntdan soň, tapawutlanan Lakazett öz adyna ýazdyrdy. Tapgyryň iň golly oýnunda “Lids Ýunaýted” myhmançylykda golaýda tälimçisi çalşan, ýagny Slawen Biliçiň ornuna Sem Allardaýsy wezipä bellän “West Bromwiçden” 5-0 üstün çykdy.