Ýur­du­myz­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak hem-de ola­ry ara­dan aýyr­mak, aras­sa­çy­lyk – epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, 18-nji ýan­war­da Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi Rus­si­ýa­nyň gö­ni ma­ýa go­ýum­la­ry gaz­na­sy­nyň gol­daw ber­me­gin­de Ga­ma­lei adyn­da­ky yl­my-bar­lag mer­ke­zi­niň alym­la­ry ta­ra­pyn­dan dö­re­di­len «Sput­nik V» san­jy­my­ny bel­li­ge al­dy hem-de de­giş­li şa­ha­dat­na­ma­ny ber­di.
Türk­me­nis­tan Mer­ke­zi Azi­ýa­da bu san­jy­my öz çä­gin­de ulan­ma­gy res­mi taý­dan ma­kul­lan il­kin­ji döw­let bol­dy hem-de ony ha­sa­ba alan döw­let­le­riň bi­rin­ji on­lu­gy­na gir­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da,19-njy ýan­war­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gin­de mas­la­hat ge­çi­ril­di. Onuň bar­şyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän «açyk ga­py­lar» sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, Rus­si­ýa, ABŞ, Ger­ma­ni­ýa, Aws­tri­ýa,Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy, Tür­ki­ýe, Be­la­rus we beý­le­ki döw­let­ler bi­len sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň bar­ha pug­ta­lan­dy­ryl­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.

Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy hem-de BMG-niň beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dy­ryp, luk­man­la­ryň hyz­mat­daş­ly­gy­ny iler­let­mek­de, adam­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak me­se­le­le­ri­ni çöz­mek­de ne­ti­je­li çä­re­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak­da, howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ola­ra gar­şy gö­reş­mek ul­ga­myn­da yl­my-mag­lu­mat­la­ry alyş­mak­da baý tej­ri­be top­la­dy. Türk­me­nis­tan bel­li bir ara­ly­gyň sak­la­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek­den, luk­man­çy­lyk agyz-bu­run ör­tük­le­ri­ni da­kyn­mak­dan, beý­le­ki şah­sy go­rag se­riş­de­le­ri­ni ulan­mak­dan baş­lap, ýo­kanç ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­gyň ne­ti­je­li çä­re­le­ri­ni gör­di we ila­ty der­man se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün et­mek üçin dür­li der­man se­riş­de­le­ri­ni sa­tyn al­dy.
Mun­dan baş­ga-da, ra­ýat­la­ry­myz­da so­wuk­la­ma gar­şy san­jym ge­çi­ril­di we bu iş­ler do­wam et­di­ril­ýär. Agyz-bu­run ör­tük­le­ri­niň, go­rag we zy­ýan­syz­lan­dy­ryş se­riş­de­le­ri­niň hem-de luk­man­lar we sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri üçin go­rag ly­bas­la­ry­nyň önüm­çi­li­gi ýo­la go­ýul­dy.
Mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­lar ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri­niň adyn­dan döwlet Baştutanymyza sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak ba­ra­da yzy­gi­der­li ala­da ed­ýän­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, ila­tyň ara­syn­da san­jym ge­çir­mek ul­ga­myn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­ri çöz­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ry et­jek­dik­le­ri­ne ynan­dyr­dy­lar.
* * *
Şol gün Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra okuw mer­ke­zin­de Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Es­sen uni­wer­si­te­ti­niň has­sa­ha­na­sy­nyň ýa­nyn­da­ky ýo­kanç ke­sel­le­ri­niň bar­lag mer­ke­zi­niň ýol­baş­çy­sy Adal­bert Kraw­çi­giň hem-de «Tük­men­der­man­se­na­gat» bir­le­şi­gi­niň, Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň we beý­le­ki ugur­daş sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­nyň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da gö­ni wi­deoa­ra­gat­na­şyk ar­ka­ly iş mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di.
Du­şu­şyk­da ýo­kanç ke­sel­le­ri be­jer­mek­de hyz­mat­daş­lyk et­me­giň hem-de bu­ýan kö­kü­ni we onuň dü­zü­min­de bar bo­lan gli­ser­ri­zin kis­lo­ta­sy­ny ulan­ma­gyň wa­jyp me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Bu­ýan kö­ki ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri yl­my we halk luk­man­çy­ly­gyn­da üs­gü­le­wü­gi, böw­re­gi, ýo­kar­ky dem alyş ýol­la­ry­nyň hem-de on­kibar­mak içe­gä­niň ke­sel­le­ri­ni be­jer­me­giň se­riş­de­si hök­mün­de ula­ny­lyp­dyr.