Adam be­de­ni­ne zy­ýan­ly we peý­da­ly önüm­ler ba­ra­da­ky mag­lu­mat­la­ra we yl­my-bar­lag iş­le­ri­ne hä­li-şin­di ga­zet­dir žur­nal­lar­da, in­ter­net sa­hy­pa­la­ryn­da duş gel­ýä­ris. Kä­bir peý­da­ly ha­sap­la­ýan önüm­le­ri­mi­ziň as­lyn­da zy­ýan­ly­dy­gy­na ýa-da ola­ry aşa köp ulan­mak bi­len sag­ly­my­za ze­per ýe­tir­ýän­di­gi­mi­ze mag­lu­mat­la­ryň, mas­la­hat­la­ryň we su­but edi­len gör­kez­me­le­riň esa­syn­da göz ýe­tir­ýä­ris. Her bir önü­miň dü­zü­min­de duş gel­ýän süý­jü­lik gym­ma­ty ba­ra­da hü­när­men­le­riň tas­syk­lan mas­la­hat­la­ry­nyň bir­nä­çe­si­ni si­ze ýe­tir­ýä­ris.
Dog­ry süý­jü­li­gi saý­la­ma­ly. Adyn­dan hem bel­li bol­şy ýa­ly, süý­ji we dü­zü­min­de süý­jü­lik gym­ma­ty­ny sak­la­ýan önüm­le­ri saý­lan wag­ty­ňyz­da il­ki onuň dü­zü­mi bi­len ta­nyş bol­ma­ly. Mi­we­ler­de, ary ba­lyn­da, kem­put­lar­da duş gel­ýän süý­jü­lik mik­roe­le­ment­le­ri adam ber­hi­zi­ni bo­zup bi­ler, aşa ulan­mak­lyk bol­sa dür­li ke­sel­le­re se­ze­war edip bi­ler. Hü­när­men­ler ak reňk­li şokolady az iýmegi mas­la­hat be­rip, onuň diňe su­wuň ýa-da çaýyň ýany bilen iýilmelidigini aýd­ýar­lar.
Çäk­len­dir­me gi­ri­zmeli. Süýji zat­la­ry iý­me­gi ha­la­ýan adam­lar gü­nüň do­wa­myn­da or­ta­ça 19 çaý çem­çe­si süý­ji önüm­le­ri­ni ka­bul ed­ýär­ler. Bu bol­sa be­de­niň, tak­my­nan, 300 ki­lo­ka­lo­ri­ýa ar­tyk­maç ýag­ al­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Luk­man­la­ryň ber­ýän mas­la­hat­la­ry­na gö­rä, gü­nüň do­wa­myn­da süý­jü­lik önüm­le­ri hiç hi­li­ iýil­me­se ga­naz­lyk, ba­şyň aý­lan­mak­ly­gy, gan aý­la­nyşyň pe­sel­me­gi ýa­ly zy­ýan­ly ta­ra­py­nyň bar­dy­gy­ bel­le­nil­ýär. ABŞ-nyň ta­ny­mal kar­dio­log luk­ma­ny süý­ji we süý­ji önüm­le­ri­niň iýil­me­li muk­da­ry ba­ra­da şu gör­ke­zi­ji­le­ri hö­dür­le­ýär:
Er­kek adam­la­r her gün 150 ki­lo­ka­lo­ri­ýa­ly (37,5 gram ýa-da 9 çaý çem­çe) süý­ji önüm­le­ri­ni iýip bi­ler­ler. Ze­nan­la­r bol­sa her gün 100 ki­lo­ka­lo­ri­ýa (25 gram ýa-da 6 çaý çem­çe) möç­be­rin­de süý­ji iýip bil­er­ler.
Her gün­de iýil­ýän süý­ji we süý­ji önüm­le­ri­niň möçberi gün­de­lik iý­mi­tiň 10 gö­te­ri­min­den geç­me­li däl­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Bu önüm­ler nä­çe az ka­bul edil­se, şon­ça-da, be­den sag­ly­gy­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny sak­la­mak üçin peý­da­ly­dyr. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, hä­zir­ki wagt­da dür­li iý­mit önüm­le­rin­de şe­ke­riň we beý­le­ki süý­je­di­ji go­şun­dy­la­ryň bar­dy­gy­ny hem unut­ma­ly däl­di­ris!