ABŞ-da dün­ýä­niň iň uly su­ra­ty ga­ra mar­ker ga­la­my bi­len çe­ki­l­di. Ame­ri­ka­ly Daý­mond Wip­per-Ýang dün­ýä­niň iň uly su­ra­ty­ny 600 ine­dör­dül metr meý­da­ny bo­lan ka­gy­za çek­di. Ol su­ra­t­da şar­la­ry we um­man ýa­şaý­jy­la­ry­ny gör­ke­zip­dir.
ABŞ-nyň Fi­la­del­fi­ýa şä­he­rin­de ýa­şa­ýan 24 ýaş­ly su­rat­çy hem-de mu­gal­lym Daý­mond Wip­per-Ýang bu su­ngat ese­ri üçin 63 sa­ga­dy­ny sarp edip­dir. Ol 5 günläp zäh­met çe­kip, diňe ýat­mak hem-de na­har­lan­mak üçin ara­kes­me edip­dir.
Hä­zir­ki wagt­da bu su­rat Fi­la­del­fi­ýa şä­he­ri­niň Frank­lin ins­ti­tu­ty­nyň sun­gat mer­ke­zin­de köp­çü­li­ge görke­zil­ýär. Daý­mond Wip­per-Ýan­gyň bu su­ra­ty 2020-nji ýyl­da 567 ine­dör­dül metr meý­da­ny bo­lan ka­gy­za su­rat çe­ken ita­li­ýa­ly su­rat­ke­şiň ese­ri­ni­niň re­kor­dy­ny tä­ze­le­di.
– Men bi­ziň hem­mä­miz­de sun­ga­tyň bar­dy­gy­na ynan­ýa­ryn. Şo­nuň üçin bu su­rat we onuň ser­gi­si adam­lar­da öz sun­gat uky­by­ny tap­ma­ga yl­ham be­rer – di­ýip, Daý­mond Wip­per-Ýang met­bu­ga­ta be­ren be­ýa­na­tyn­da bel­läp geç­di.

Baý­ram­mu­ham­met GO­ÇY­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.