“Hyundai” kompaniýasy köp wagtdan bäri garaşylýan “Ioniq 5” atly ulagyny tanyşdyrdy. Bir gezekki zarýady bilen 480 kilometr ýol geçýän ulagyň 4 dürli motorly görnüşleri bar. Ýakyn geljekde satuwa çykaryljak ulag “EGM-P” platformasynyň bazasynda öndüriler. Ulagyň modellerine görä iki görnüşli batareýasy bar. Täze elektroulagyň bahasy barada entek maglumat berilmedi. Ulagyň daşky şekili “Volkswagen”-iň “ID 4” modeline çalym edýär. Ulagyň 125 kW kuwwaty bolan motor oturdylan modeli 0-100 kilometr tizlige 7,4 sekuntda ýetýär. 165 kW kuwwatly görnüşinde bu görkeziji 8,5 sekunda barabar. Dördüsi hem aýlanýan tigirli modelleriň bolsa öňünde hem-de yzynda motor oturdylypdyr. Ulagyň bu görnüşiniň hereket edip başlan wagtynda 100 km/sagat tizlige çykýan wagtyna çenli 6,1 sekunt gerek bolýar. Iň kuwwatly nusgasynda bolsa, bu görkeziji 5,2 sekunt. Zarýad babatda hem ýokary tehnologiýa bilen üpjün edilen ulagyň zarýadyny 10 göterimden 80 göterime çykarmak üçin 18 minut ýeterlik.