Köp adam elektrik çyrasyny Tomas Edisonyň ýa-da telefony Aleksandr Greýam Belliň oýlap tapandygyny bilýändir. Emma Nensi Jonson ýa-da Stefani Kwolek barada eşitmedik bolmagy mümkin. Jonson hemmeleriň halaýan tagamy bolan doňdurma taýýarlamagyň täze usulyny, Kwolek bolsa, polatdan bäş esse berk maddany oýlap tapýar. Şu makalamyzda ylyma goşant goşan zenan alymlaryň birnäçesiniň oýlap tapyşlary barada gysgaça maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris.
Mariýa Kýuri. 1867-nji ýylda Polşanyň paýtagty Warşawa şäherinde dünýä inen Kýuri fizika we himiýa ugurlaryndan birnäçe açyş edýär. Zenan alym elementleriň häsiýetlerini öwrenýär. Ýaşlyk ýyllarynda Warşawada ýokary bilim alýar. Soňra bolsa bilimini artdyrmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže gidýär. 1903-nji ýylda Anri Bekkerel hem-de ýanýoldaşy Pýer Kýuri bilen bilelikde Nobeliň Fizika baýragyna, 1911-nji ýylda Nobeliň Himiýa baýragyna mynasyp bolýar. Kýuri bu baýragy iki ugurdan alan ilkinji alym bolýar. Kýuriniň açyşlary lukmançylyk ylmynyň ösmegine hem goşant goşýar.
Nensi Jonson. Dünýäde iň köp ýaýran süýjülik megerem doňdurma bolsa gerek. 1794-nji ýylda dünýä inen Jonson häzirki wagtda hem giňden ulanylýan doňdurma enjamyny oýlap tapýar. Doňdurma taýýarlamak we onuň belli mukdaryny gysyp çykarmak üçin peýdalanylýan bu enjam şol döwürler köp zähmet talap edýän işi görnetin ýeňilleşdiripdir. Jonsonyň açyşy doňdurma taýýarlamagyň wagtyny hem azaltmaga ýardam edýär. Bu enjam süýdi we onuň goşundylaryny mazaly garmaga we gysga wagtda sowatmaga mümkinçilik berýär.
Mariýa Telkeş. 1900-nji ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde dünýä inen Telkeş Gün energiýasyndan peýdalanmaga degişli çözgütleri oýlap tapýar. 1920-nji ýylda Budapeşt uniwersitetini fiziki himiýa ugry boýunça tamamlaýar. 1924-nji ýylda doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. 1939-njy ýyldan başlap ABŞ-nyň Massaçussets tehnologiýa institutynda Gün energiýasy tehnologiýasyny ösdürmek bilen meşgullanýar. Birnäçe baýraga mynasyp bolan Telkeş 1947-nji ýylda ilkinji termoelektrik generatory oýlap tapýar.
Stefani Kwolek. 1923-nji ýylda dünýä inen Kwolek himiýa ugrundan birnäçe açyşlary edýär. Ol poliparafenilen-tereftalamid (kewlar ady bilen bilinýär) atly materialy taýýarlaýar. 1964-nji ýylda oýlanyp tapylan bu material welosiped tigirlerinde, tennis raketkalarynda, ýaryş gaýyklarynda, asma köprüleriň tanaplarynda, saz gurallarynda we başga-da ýüzlerçe ýerde peýdalanylýar.