Aşgabada iki günlük sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky eýran hökümet wekiliýeti geldi.

8-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministrlikleriň arasynda geňeşmeler geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar syýasy-diplomatik ugur boýunça, şeýle-de söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-eýran gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.

Iki döwletiň DIM-leriniň arasynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Gurmasynyň çäklerindäki özara hereketlere seredildi. Sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda garaýyşlaryň meňzeşligi bellenildi. Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alşyldy.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjynyň ähmiýeti nygtaldy. Eýran tarapy şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan Halkara maslahata gatnaşmaga çagyryldy.

Hereket edýän hukuk resminamalaryna syn bermek bilen birlikde, Hazar deňziniň meseleleri hem-de Altynjy Hazar Sammitine görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň netijesi boýunça iki döwletiň Daşary işler ministrleri “Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna” gol çekdiler.

MEDENI-YNSANPERWER GATNAŞYKLARY ÖSDÜRILÝÄR

Taraplar global pandemiýa bilen bagly girizilen çäklendirmeler gowşanyndan soň, ýüzbe-ýüz görnüşde bilelikdäki medeni çäreleri guramak boýunça gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Hususan-da, wekiliýetler akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek boýunça görülýän taýýarlyk işleri, şeýle-de bu sene mynasybetli bilelikdäki çäreleri guramagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle-de iki döwletiň sebitleriniň arasynda özara hereketleriň oňyn tejribeleri bellenildi. Taraplar ylym, bilim we lukmançylyk babatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň üstünde işlemäge ylalaşdylar.

SÖWDA-YKDYSADY HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Daşary işler ministrlikleriniň geňeşmeleriniň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Agzalan ugur boýunça özara hereketleriň uly mümkinçiliklerini bellemek bilen, taraplar ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary gurnamak boýunça ylalaşdylar.

Taraplar iki döwletiň arasyndaky haryt dolanyşygynyň derejesine baha berdiler hem-de energiýa, ulag we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyga seretdiler. Işewür gatnaşyklary giňeltmek üçin bilelikdäki çäreleri, sergileri we forumlary guramagyň derwaýyslygy nygtaldy.

Şeýle-de sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň hem-de “Hazar deňzi — Gara deňzi” halkara ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi we şunuň bilen baglylykda, agzalan geçelgeleri durmuşa geçirmekde Eýranyň gatnaşmagynyň ýollaryna seredildi.