Halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilmegine uly üns berilýär. Sagdyn bolmak üçin witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmek zerur bolup durýar. Adamyň saglygy üçin gerek bolan witaminler, ýokumly serişdeler, peýdaly minerallardyr maddalar iýmitiň üsti bilen geçýär. Şonuň üçin lukmanlar sagdyn iýmitlenmek üçin witamine baý bolan önümleri iýmegi maslahat berýärler.
Adamyň saglygy üçin iň gymmatly witaminleriň biri hem C witaminidir. 1932-nji ýylyň 4-nji aprelinde amerikaly biohimik Çarlz Glen King ilkinji gezek C witaminini oýlap tapypdyr. Bu witamin adam bedeni üçin örän möhümdir, sebäbi adam bedeniniň öýjükleriniň ösmegi we dikelmegi üçin zerur bolan minerallary özünde jemleýär. Şeýle hem ol sagdyn immun ulgamyny goldaýar. C witamini ýa-da askorbin kislotasy sitrus miwelerinde, käbir miwelerde we gök önümlerde bolýan reňksiz we suwda ereýän witamindir. Organizmleriň köpüsi bu witamini glýukozadan sintez edýär, ýöne adam bedeni ony iýmit arkaly almaly bolýarlar.
C witamini ýaranyň çalt gutulmagyna kömek edýär, holesteriniň derejesini peseldýär, ýokançlyklardan goraýar we gan ýygnanmagynyň öňüni alýar. Witamin möhüm himiki maddalary öndürmäge gatnaşýar, bedeni zäherli maddalardan arassalamaga kömek edýär. Şeýle hem, alymlar C witamininiň ýetmezçiliginiň bedeniň garramagyny çaltlandyrýandygyny hem belläp geçýärler.
«Witamin» adalgasy 1912-nji ýylda polýak himigi Kazemir Funk tarapyndan teklip edildi: witamin – vita + amin, ýagny «Möhüm amin» (latynça «vita» – durmuş) manysyny berýär. Aminler (azot saklaýan birleşmeler) ähli witaminlerde ýok bolsa-da, «witamin» adalgasy adaty bir zat bolup, häzirem ulanylýar. Beloklardan, ýaglardan we uglewodlardan tapawutlylykda, witaminler energiýa çeşmesi bolman, eýsem, metabolizmi işjeňleşdirýär we kadalaşdyrýar hem-de bedene köp taraply täsir edýär. C witamininiň çeşmeleri köpdür, ony pomidor, ýeralma, ýertudana, ýaşyl we gyzyl ajy däl burçlary, brokkoli we kiwi ýaly miwedir ir-iýmişlerde görmek bolýar. Bu iýmitlerden çig ýa-da bişirilen görnüşde iýmitlenip bilersiňiz. Ýöne miweleriň we gök önümleriň uzak wagtlap gyzdyrylmagy ýa-da saklanylmagy onuň düzümindäki C witamininiň ýitip gitmegine sebäp bolup biler. Mümkin boldugyça, bu önümleri satyn alnandan soňra ýokumlylygynyň ýitmeginiň öňüni almak maksady bilen gysga wagtda sarp etmek has peýdalydyr.
Gündogar Angliýa uniwersitetiniň täze ylmy-barlagynyň netijesine görä, C witaminli iýmitler bilen has köp iýmitlenýän uly ýaşdaky adamlaryň myşsalarynyň has çeýedigi mälim edildi. Umuman, 50 ýaşdan uly adamlarda her ýyl myşsalarynyň çeýeliginiň pese gaçýandygy üçin olaryň bu witamine baý iýmitler bilen iýmitlenmegi has zerurdyr.
Ynsan saglygyny goramakda tebigatyň derman ösümliklerini, miweleri, gök önümleri we olardan alynýan dürli görnüşli peýdaly serişdeleri ulanmak gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýär. Sagdyn iýmitlenmek üçin miwelerden taýýarlanan tagamdyr şireler, mürepbeler, gök we bakja önümlerinden taýýarlanan naharlar, işdäaçarlar şypalylygy bilen tapawutlanýar. Dogry iýmitlenmek sagdynlygyň girewidir. Gündelik naharda witaminlere baý önümler bilen iýmitlenmek adam bedeniniň sagdyn bolmagyna kömek edýär. Witamine baý önümleriň saglyga peýdasynyň uly bolşy ýaly, olaryň adama hyjuw, joşgun, keýpiçaglyk berýändigi hem bellidir.
Baýrammuhammet HANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.