Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda adamlaryň saglygyny gorap saklamak wezipeleri döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň çar künjünde hem-de paýtagtymyzda täze innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan saglyk öýleridir merkezleri, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri, ýöriteleşdirilen hassahanalar, şypahanalar we beýleki saglygy goraýyş binalary gurlup ulanmaga berildi. Bular halkymyzyň sagdynlygyny üpjün etmäge, Watanymyzy gülläp ösýän, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmäge we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini barha ýokarlandyrmaga gönükdirilen işlerdir.
Şeýle hem güneşli Diýarymyzda döwrebap şypahanalarda keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň däp bolan usullary, ýokary netijeliligini subut eden innowasion lukmançylyk tehnologiýalary täsin tebigy hem howa şertleri bilen utgaşdyrylýar. Şypahanalarda Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Slowakiýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden satyn alnan täze lukmançylyk enjamlarynyň oturdylmagy, şeýle hem bejermegiň döwrebap usullarynyň ulanylmagy netijesinde, fizioterapiýa we suw bilen bejeriş, dürli keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak, öňüni almak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredildi. Dünýädäki dörän çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda raýatlarymyza berilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Häzirki günlerde ilatymyzyň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny has-da berkitmek maksady bilen, uly ýaşly raýatlarymyza ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjym işleri alnyp barylýar. Munuň özi häzirki döwürde uly ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzda dürli görnüşli, ilkinji nobatda, ýokanç keselleri öňünden duýdurmak boýunça arassaçylyk, düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. Şunda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almagyň iň ygtybarly usuly sanjym geçirmek bolup durýar. Munuň özi epidemiologiýa abadançylygyny saklamaga mümkinçilik berýär. Immunizasiýa milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň strategik ugurlarynyň biridir.
Mundan başga-da, sagdynlygyň ýurdy hasaplanýan ata Watanymyzda sport we bedenterbiýe adamlarda işjeňligi, hereketliligi terbiýeleýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerine yzygiderli eýermek adamyň ýürek-gan aýlanyş we dem alyş ýollarynyň işini kadalaşdyrýar. Bedenterbiýe maşklarynyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi ynsan bedenini berkidýär, umumy saglyk ýagdaýyna oňyn täsir edýär.
Adamlaryň saglygyny goramak, derman senagatyny ösdürmek, şypahana düzümlerini döwrebaplaşdyrmak barada hemişe alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwlet bähbitli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Resul ANNAÝEW,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.