25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni hem-de okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda “Arkadagyň ak şäheri – Aşgabat” atly baýramçylyk konserti geçirildi. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, edebi aýdym-sazly kompozisiýalar bu ýere ýygnanan myhmanlara, şol sanda uçurymlara şatlyk paýlady. Hormatly Prezidentimiziň sözlerine döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly aýdym baýramçylyk konsertiniň jemleýji senasy bolup ýaňlandy. Milli Liderimizi bu eseri döretmäge paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyna taýýarlyk görülýän döwürde Akhan atly meşhur bedewiň ilkinji taýynyň dünýä inmegi ruhlandyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň hut özi bu bedewi seýisledi. Şanly senäniň hormatyna taýçanaga Aşgabat ady dakyldy.

Akhanyň hem-de Aşgabat atly taýçanagyň sahnada peýda bolmagy tomaşaçylar üçin hakyky baýramçylyk sowgady boldy.

Konsert tamamlanandan soň Aşgabadyň 140 ýyllygyna hem-de “Soňky jaň” dabarasyna bagyşlanan ajaýyp feýerwerk paýtagtymyzyň agşamky asmanyna bezeg berdi.