UEFA Çempionlar ligasynda ýylyň iň owadan goly saýlandy. “Porto” toparynyň eýranly futbolçysy Mehdi Tareminiň çärýek finalyň jogap oýnunda “Çelsiniň” derwezesinden geçiren üstaşyr goly ýylyň iň owadan goly diýlip yglan edildi. Janköýerleriň ses bermegi esasynda saýlanan gol 1,3 milliondan gowrak ses aldy. Bu gol şol bir wagtyň özünde UEFA-nyň degişli topary tarapyndan hem iň owadan gol diýlip saýlandy. Janköýerler “barselonaly” Lionel Messiniň PSŽ-niň derwezesinden geçiren goluny iň owadan 2-nji gol, “çelsili” Oliwie Žirunyň myhmançylykda “Atletikonyň” derwezesinden girizen goluny-da iň owadan 3-nji gol diýlip saýladylar.