Häzirki wagtda köprüler dürli maksatlar bilen gurlup, olaryň köpüsi binagärlik aýratynlygy bilen ünsi özüne çekýär. Köprüleriň käbiri diňe ulaglaryň ýa-da pyýadalaryň geçmegi üçin däl, balyk tutmak, üstündäki restoranlarda naharlanmak, şäheriň ýa-da tebigatyň gözelliklerine syn etmek ýaly maksatlar üçin hem peýdalanylýar. Şeýle ajaýyp köprüleriň käbirini siziň dykgatyňyza ýetirýäris:
«Wiaduk Miýo» köprüsi: Günorta Fransiýanyň Miýo şäheriniň golaýyndaky Tarn jülgesiniň üstünde gurlan köp aralykly asma köpriniň taslamasyny belli iňlis binagäri Norman Foster ýerine ýetiripdir. Geçen ýylyň sentýabryna çenli dünýäniň iň beýik köprüsi rekordyna eýe bolan desganyň beýikligi 336,4 metre ýetýär. 394 million ýewro sarp edilen köpri üç ýylyň dowamynda gurlup, 2004-nji ýylda açyldy. Bu köpri häzirki döwrüň iň uly inženerçilik üstünlikleriniň biri hökmünde görkezilýär.
«Millenium» köprüsi: Beýik Britaniýada Geýtshed we Nýukasl-apon-Taýn şäherleriniň arasyndaky Taýn derýasynyň üstünde gurlan «Millenium» köprüsiniň has täsin tarapy bar. Iki uly kemerden ybarat bolan köpri welosipedçilere we pyýadalara niýetlenendir. Mahal-mahal derýadan uly gämiler geçeninde köpri ýokary galýar. Kemerleriň biri köpri hökmünde, beýlekisi ol açylan wagty deňagramlylygy saklamaýar. Bu täsin ýagdaýy görmek üçin derýanyň iki ýakasyndaky şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary kenara ýygnanýar.
«Hançžou» aýlag köprüsi: Hytaýyň Çžeszýan welaýatyndaky adybir aýlagyň iki tarapyndaky Szýasin we Ninbo şäherlerini birleşdirýän köpriniň gurluşygy 2007-nji ýylda tamamlandy. Bu köpri Ninbo bilen Şanhaý şäherleriniň arasyndaky awtoulag ýoluny 400 km-dan 180 km-e çenli, syýahat wagtyny 4 sagatdan 2 sagada çenli gysgaltdy. Uzynlygy 35,673 km bolan Hançžou aýlag köprüsi iň uzyn trans-umman köpri hasaplanýar.
«Heliks» köprüsi: Singapuryň Marina aýlagyndaky pyýadalar üçin niýetlenen bu köpri 2010-njy ýylda açyldy. Awstraliýaly we singapurly arhitektorlar tarapyndan taslamasy düzülen polat köpriniň üsti aýna bilen örtülipdir. Köprüde gijesine asmana we Marina aýlagyna tomaşa etmek üçin amatly ýerde ýerleşýän dört sany syn ediş platformasy göz öňünde tutulypdyr. Desga gijesine dürli reňkli yşyklar bilen ýagtylandyrylýar.
«Banpo» köprüsi: Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seuldan akyp geçýän Han derýasynyň üstünden Soço we Ýonsan etraplaryny birleşdirýän bu täsin desga Jamsu köprüsiniň üstünde, iki gatly köpriniň ýokarky ýarysyny emele getirip, ýurtda gurlan ilkinji iki gatly köprüdir. Ýagynly döwürde derýanyň suwy ýokaryk galanda köpriniň aşaky bölegi suwuň içinde galýar. Köpriniň iň täsin aýratynlygy gyrasynda aşaklygyna akýan çüwdürimler bar. Şaglawugy ýadyňa salýan bu çüwdürim gijesine 10 müň töweregi LED çyralar bilen ýagtylandyrylýar. 1140 metre uzap gidýän çüwdürimlerden minutda 190 tonna suw pürkülýär. Suwuň gapdallygyna hereketi 43 metre ýetýär. Desga bu ugurda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.