Gün­do­gar ede­bi­ýa­tyn­da özü­niň aja­ýyp dö­re­di­ji­li­gi bi­len öç­me­jek yz gal­dy­ran be­ýik akyl­dar­la­ryň bi­ri hem Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­dyr. Be­ýik şa­hy­ryň şy­gry­ýet dün­ýä­sin­de türk­men hal­ky­nyň dur­mu­şy öz aý­dyň beýanyny ta­pyp­dyr. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şy­gyr­la­ry dur­muş­da dog­ry ýo­ly sal­gy ber­ýän öz­bo­luş­ly ýol-ýö­rel­ge­dir.
Bil­şi­miz ýa­ly, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2014-nji ýyl­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 290 ýyl­ly­gy da­ba­ra­ly bel­le­nilip ge­çil­di. Şol ýyl­da ge­çi­ri­len da­ba­ra­lar­dyr mas­la­hat­lar we köp san­ly çä­re­le­r hem-de türk­men nus­ga­wy şa­hy­ry­nyň eser­le­ri­niň dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň kö­pü­si­niň dil­le­ri­ne ter­ji­me edil­me­gi di­ňe bir ýur­du­my­zyň däl, eý­sem, dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň buý­san­jy bo­lan be­ýik söz us­sa­dy­nyň şah­sy­ýe­ti­ne we mi­ra­sy­na gy­zyk­lan­ma­ny art­dyr­dy. Mun­dan baş­ga-da, şa­hy­ryň dog­duk me­ka­nyn­da, onuň ady­ny buý­sanç bi­len gö­ter­ýän et­ra­byn­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my­nyň hem-de mu­ze­ýiň açy­lan­dy­gy­ny gu­wanç bi­len bel­le­me­li­di­ris. Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­mi­ziň 2024-nji ýyl­da Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly Ka­ra­ra gol çek­me­gi hem türk­men hal­ky­nyň be­ýik akyl­dar şa­hy­ry­nyň dün­ýä ýü­zün­de giň­den wa­gyz edil­me­gi­ne uly go­şant bo­lar.
Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy özü­niň jöw­her paý­ha­sy­ny siň­di­ren şy­gyr­la­ryn­da yn­san­per­wer­li­ge uly üns be­rip­dir. Akyl­dar be­den sag­dyn­ly­gy­ny, güýç­lü­li­gi mert ýi­gi­diň ze­rur sy­pat­la­ry­nyň bi­ri ha­sap­lap, öz döw­rü­niň mert, ba­tyr ýi­git­le­ri­ni wasp edipdir. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy dur­mu­şyň agyr pur­sat­la­ryn­da ejiz­le­män, oňa mert­lik bi­len döz gel­me­li­di­gi­ni, gö­reş­me­li­di­gi­ni ün­de­ýär. Şahyryň dün­ýä ha­kyn­da­ky oý­lan­ma­la­ry äh­li çuň­lu­gy we da­na­ly­gy bi­len dö­re­di­ji­li­gi­ne si­ňip­dir. Ol öz yk­ba­ly­ny ba­gyş eden işin­de belent derejelere ýetip, öz döw­rü­niň us­sat şa­hy­ry hök­mün­de hal­kyň söý­gü­si­ni ga­za­nyp­dyr. Wa­tan­sö­ýü­ji­lik te­ma­sy be­ýik şa­hy­ryň eser­le­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup ge­çýär. Şa­hyr ha­ky­ky wa­tan­çy­la­ryň halkyň içindedigine dü­şün­ýär, şo­nuň üçin hem ol Wa­ta­nyň üs­tü­ne howp aba­nan wag­ty, ola­ra ýüz tu­tup, iliň-günüň ar-na­my­sy­ny go­rap sak­la­ma­ga bü­tin türk­men hal­ky­ny ça­gyr­ýar. Mag­tym­gu­ly­nyň «Türk­me­niň», «Gür­ge­niň», «Gök­leň», «Türk­men bi­na­sy», «Ili göz­lär», «Bi­lin­mez» ýa­ly en­çe­me goş­gu­la­ry onuň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­niň be­lent mer­te­be­si­ni gör­kez­ýär.
«Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da be­ýik şa­hy­ryň öm­rü­ni we dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek bo­ýun­ça uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Goý, mäh­ri­ban hem Gah­ry­man Arkadagymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, tu­tum­ly iş­le­ri ro­waç bol­sun!

La­çyn GEL­DI­ÝE­WA,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.