Gün­le­riň bir gü­ni giň säh­ra­da aç­lyk­dan ýa­ňa eň­ka­my gi­den bir mö­jek ço­pa­na ga­bat ge­lip, on­dan iý­mä­ge bir zat­lar so­rap­dyr. Ço­pa­nyň oňa re­hi­mi inip, iýip otu­ran çö­re­gin­den bir dö­wüm bö­lüp­dir-de, ony mö­je­ge uza­dyp­dyr. Mö­jek:
– Be.. Yn­san iý­mi­ti­niň ta­ga­my­na bak­sa­na. Eger biz­iň üçin hem şeý­le ta­gam­ly hö­rek bol­sa­dy, on­da sü­rä deg­me­sek hem deg­mez­dik – di­ýip, ço­pa­na hyýr­syz na­za­ry­ny aý­lap, şeý­le di­ýen:
– Ýog­sa-da, siz mu­ny nä­hi­li taý­ýar­la­ýar­sy­ňyz?
– Gar­daş, bu uzyn he­ka­ýat. Onuň üçin oza­ly bi­len, ýe­ri sür­me­li… – di­ýip, ço­pa­nyň gür­rüň ber­mä­ge baş­la­ny hem şol eken we­lin mö­jek onuň sö­zü­ni bö­lüp:
– On­soň iýi­ber­me­li­mi? – di­ýip, öze­le­nip­dir.
– Ýok, dur­sa­na, soň­ra bug­daý to­hu­my­ny ek­me­li… – di­ýip, ço­pan sö­zü­ni do­wam et­dir­mek­çi bo­lan­da, ýe­ne-de mö­jek onuň sö­zü­niň ara­sy­ny ke­sip:
– On­soň iýi­ber­me­li­mi? – di­ýip so­rap­dyr. Ço­pan gy­zyp:
– Dur­sa­na how en­tek, gür­rü­ňiň yzy­ny aýt­ma­ga goý­ma­dyň-a, aýt­dy­ma sa­ňa he­ka­ýa­tyň uzak­dy­gy­ny – di­ýip­dir.
Soň­ra ço­pan bug­da­ýa nä­dip ideg et­me­li­di­gi­ni, or­ma­ly­dy­gy­ny, döw­me­li­di­gi­ni, ele­me­li­di­gi­ni, üwe­me­li­di­gi­ni, ha­myr ýug­rup, tam­dyr­da ot ýa­kyp, çö­rek ýa­pyp, bi­şir­me­li­di­gi­ni… ga­raz ba­ry­ny bi­rin-bi­rin gür­rüň be­rip­dir.
– On­soň iýi­ber­me­li­mi? – di­ýip, mö­jek ýe­ne şol bir ýü­re­ge­düş­günç so­ra­gy­ny gaý­ta­lap, şeý­le di­ýen:
– Adam­la­ryň iý­mi­ti ni­çik­si dat­ly, ýö­ne onuň zäh­me­ti uçur­syz kän eken. Eger beý­le bol­sa, biz si­ziň sü­ri­ňi­ze deg­män oňup bil­jek däl öýd­ýän – di­ýip, ol ýer­den ga­ra­sy­ny saý­la­mak bi­len bo­lup­dyr.
Adam­za­t dur­mu­şy­nyň bü­tin ma­ny­sy ha­lal zäh­met­den hem-de onuň reh­net-hö­zi­rin­den yba­rat­dyr. Ada­ty elekt­rik çy­ra­sy­nyň ýa-da kran­dan ak­ýan suw aky­my­nyň aňyr­syn­da hem gi­den zäh­met ýa­tyr. Şo­ňa gö­rä, öz­ge­le­riň zäh­me­ti­ne sar­pa goý­uň! Dur­muş­da iň ha­ýyr­ly iş öz zäh­me­tiň­dir. Di­ňe ejeň ýu­wan ge­ýim-ge­jim­le­ri aň­sat ha­pa­lan­ýar. Özüň ýu­wup-ütük­län eşi­gi­ňi­zi ha­pa­la­sy­ňyz gel­ýan däl­dir.