Italiýanyň Milan topary Çelsiniň fransiýaly hüjümçisi Oliwie Žiruny düzümine goşdy. Italýan kluby 34 ýaşly hüjümçi bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Londondaky 9 ýyllyk başdangeçirmesi tamamlanan Žiru Milandan her ýyly üçin 4 million ýewro hak alar. Ol Milanda 9-njy belgili köýnekçäni geýer.

Futbol karýerasyna Grenoblda başlan Žiru Istres, Tours, Monpelie, Arsenal hem-de Çelsi klublarynda oýnady. Ol klublarda 583 oýunda 235 gezek tapawutlandy. Milli ýygyndyda 110 oýunda 46 gol geçiren Žiru bu ugurda Anriden soň 2-nji ýerde barýar.