Kädi düzüminde köp mukdarda karotinleri saklap, onuň netijesinde bedenimizde A (retinol) witamini döreýär. Düzüminde demriň uly mukdaryny saklaýan bu önüm, ganazlykdan kösenýänlere iň gymmatly önümdir. Mundan başga-da kädi çigidiniň düzüminde sink bolup, peşew ýollaryny, ödi arassalamakda, derini sazlamakda juda peýdalydyr.
Kädi düzüminde kaliniň uly mukdaryny saklap, bedenden suwuklygyň çykmagyny tizleşdirýär. Kim ýüregagyrydan, böwregiň, peşew ýollarynyň näsazlygyndan ejir çekýän bolsa, kädi juda peýdalydyr. Kädi şiresi düzüminde juda seýrek bolan T witaminini saklap, ganyň düzümini durnuklaşdyryp, dişleriň ganamagynyň öňüni alýar. Kädiniň düzümindäki A witamini gözleriň saglygyna ýardam berip, görşüňi gowulaşdyrýar. Umuman, kädi ýara ýapylanda, aşgazanyň we on iki barmak içegäniň nemli bardasy çişende ony tiz bitirýär, kädi çigidi prostatiti bejermekde, şiresi görüşüňi gowulaşdyrmakda iň oňat önümdir.