“Atletiko” we “Milanyň” täze transferleri

84

Ispaniýanyň çempionaty La Liganyň çempiony Atletiko Madrid nemes kluby Herta Berlin toparynyň braziliýaly ýarymgoragçysy Mateus Kunýany transfer etdi. 22 ýaşyndaky futbolçy üçin ispan kluby berlinlilere 26 million ýewro hem-de indiki transferiň 10 göterimini berer. Matrasçylar Kunýa bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdylar.

***

Italiýanyň Milan topary-da Monakonyň italýan hüjümçisi Pieto Pellegri bilen 1 ýyllyk kärendesine şertnama baglaşdy. 1 ýyllyk kärende üçin Milan Monako toparyna 1 milion ýewro berer. 20 ýaşly hüjümçini Milan möwsümiň ahyrynda 6+1 million ýewro hem-de goşmaça tölegler bilen ymykly düzümine-de goşup biler. Aglaba ätiýaçdan oýna giren Pellegri Ligue 1-de geçen möwsüm 16 duşuşykda 1 gezek tapawutlandy.