Boks muşdaklaryna taryhy duşuşyk garaşýar. Agyr agramyň iki ägirdi, angliýaly Entoni Joşua bilen ukrainaly Aleksandr Usik WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO guramalarynyň çempionlyk guşaklary ugrunda özara duşuşarlar. Hepdäniň şenbe güni, has takygy, 25-nji sentýabrda boljak duşuşyk Londondaky “Tottenham Hotspur” stadionynda geçiriler. 170-den gowrak ýurtda görkeziljek duşuşyk ýarygijeden soň başlamagyna garaşylýar.

31 ýaşyndaky Joşua şu wagta çenli 25 duşuşygyň 24-sinde ýeňiş gazanyp (22-si nokaut), diňe 1-inde asgyn geldi. 34 ýaşyndaky Usik bolsa 18 duşuşygyň 13-si nokaut bilen ählisinde ýeňiş gazandy. Iki boksçy-da – Joşua super agyr agramda, Usik agyr agramda London 2012 tomusky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanypdy.

Joşua agyr agramyň WBA (Super), IBF, WBO hem-de IBO-nyň çempionlyk guşaklaryny özünde saklaýar.