Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň medeni ulgamynda ägirt uly ösüşler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda belent sepgitleriň we üstünlikleriň gazanylýan döwründe milli medeniýetimize, türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz goýup giden beýik akyldarlarymyza hormat hem-de sarpa belentden tutulýar. Sarpasy belent tutulýan akyldarlarymyzyň biri hem Magtymguly Pyragydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde – Köpetdagyň owadan ýerinde beýik akyldaryň we şahyryň hormatyna Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy bina edilýär.
Beýik akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň edebi pähim-parasady, baky taglymy bolan şygyr diwanlary halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň joşgunly aýdymy bolup ýaňlanýar. Türkmen halkynyň beýik ogly, akyldary hem milli şahyry Magtymguly Pyragy öz halkyna we bütin adamzada hyzmatlary bilen türkmenleriň hem-de beýleki halklaryň kalbynda çuňňur orun alýar. Magtymguly öz döredijiliginde halkynyň egsilmez baýlygy bolan ata-babalarymyzyň gözel mirasyndan ylham we kuwwat alýar, hut şonuň üçin hem onuň goşgulary bütin halk köpçüligi üçin örän düşnükli bolup, olaryň ruhuna ornaşýar.
«Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy asman bilen Zemin arasyndaky beýik ýadygärlik bolmalydyr. Onda türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän çuň taryhy kökleri we häzirki döwürde bitirilýän asylly işleriň belentligi öz beýanyny tapmalydyr. Toplum akyldar şahyryň hut özüniň äleme nusgalyk şygryýet dünýäsi ýaly ajaýyp we kaşaň bolmalydyr» diýen sözler bilen hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň beýik şahyryna bolan uly hormatyny mynasyp beýan edýär.
Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň gurluşygyny hem-de ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri 2022-nji ýylda doly tamamlap, ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gabatlanylyp ulanmaga beriljekdigi medeniýet işgärlerinde we ähli ildeşlerimizde uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi.
Şeýle hem 2024-nji ýylda türkmen halkynyň dünýä meşhur akyldar şahyrynyň 300 ýyllyk dabarasy giňden belleniler. 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek göz öňünde tutulýar. Şol ýyl geçiriljek şanly wakalar Magtymguly Pyragynyň owazasyny dünýä doldurar.
Beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogar edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem uly orun tutan akyldardyr. Beýleki goňşy halklaryň edebiýatlarynda hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýlup, şol edebiýatlarda hem mynasyp orun alypdyr.
Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ruhy gymmatlyklarynyň, şol sanda döwletlilik we Garaşsyzlyk pelsepesiniň kemala gelmegine ägirt uly goşant goşan akyldardyr. Türkmen edebiýatynyň ägirtleri barada gürrüň edilende ilki bilen Magtymgulynyň döredijiligi öňe saýlanýar.
Beýik şahyryň döreden goşgulary geçen döwürleriň meşhur edebiýat ussatlarynyň we filosoflarynyň eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär, onuň döredijiligi dünýä medeniýetiniň altyn hazynasyna girdi. Türkmen halky beýik şahyra aýratyn sarpa goýýar hem-de her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bolan bu goşa baýramy dabaraly ýagdaýda belleýär.
Enejan TOÝLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.