Karib deňzindäki adada ýerleşýän Barbados döwleti indi resmi taýdan Respublika boldy. Oktýabr aýynda Prezidentlige saýlanan Sandra Mason hem wezipesine girişdi. Sandra Masonyň kasam kabul ediş dabarasyndan soň meýdançada Respublikanyň Prezidentiniň tugy galdyryldy.

Sentýabr aýynyň ahyrynda, Barbadosyň Mejlisler palatasy (parlamentiň aşaky palatasy) Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleri biragyzdan goldady. Oktýabr aýynda mejlisiň agzalary 2018-nji ýyldan bäri adanyň general gubernatory bolup işleýän 72 ýaşly Sandra Masony ýurduň prezidentligine saýladylar.

Barbados, Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylygyndaky Arkalaşygyň düzümindäki garaşsyz döwlet. Ada, Respublika yglan edilenden soň hem bileleşigiň bir bölegi bolup galar. Karib deňziniň gündogar böleginde ýerleşýän bu ýurduň 287 müňden gowrak ilaty bar. Barbados 1966-njy ýylyň 30-njy noýabrynda garaşsyzlygyny gazandy. Em­ma Ang­li­ýa­nyň pa­ty­şa­sy ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li döw­let ýol­baş­çy­sy bol­ma­gyn­da gal­dy.