30-njy noýabrda Barbadosyň Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny gazanmagynyň 55 ýyllygy hem-de ýurtda Respublika yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Bu dabarada dünýä belli aýdymçy Rianna ýurduň 11-nji Milli gahrymany yglan edilipdi. Garaşsyzlyk baýramçylygyna gatnaşan belli sungat ussadyna bu ordeni ýurduň ilkinji Prezidenti Sandra Mason gowşurdy. Dünýäniň iň meşhur pop aýdymçysy paýtagt Brijtoundaky dabaralara gatnaşdy. Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli dabaralar 29-njy noýabrda başlandy.
Şu ýylyň sentýabr aýynda Barbadosyň Mejlisler palatasy (parlamentiň aşaky palatasy) Konstitusiýa girizilen üýtgetmeleri biragyzdan goldady. Oktýabr aýynda mejlisiň agzalary 2018-nji ýyldan bäri ýurduň gubernatory bolup işleýän 72 ýaşly Sandra Masony ýurduň prezidentligine saýlapdylar. Häzire çenli ýurt Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny gazanan hem bolsa, ýurduň iň ýokary döwlet ýolbaşçysy Ýelizaweta II hasaplanýardy. Ýurduň Konstitusiýasyna girizilen täze kanuna görä, ýurt gurluşa Monarhiýa däl-de, Respublika diýlip üýtgedildi. Şeýle bolansoň, ýurduň ýokary döwlet ýolbaşçysy ýurduň Prezidenti boldy. Mundan ozal ýurdy dolandyrýan gubernator Ýelizaweta II tarapyndan bellenilýärdi.